Ýa­po­ni­ýa­nyň kos­mos bar­lag­la­ry agent­li­gi (JAXA) Aýa go­nuş en­ja­my­ny (SLIM) hem-de eme­li hem­ra­ny (XRISM) gö­ter­ýän H2A ra­ke­ta­sy­ny uçur­dy. Uçuş ýur­duň gü­nor­ta-gün­ba­ta­ryn­da­ky Ka­go­şi­ma pre­fek­tu­ra­syn­da­ky kos­mod­rom­dan ama­la aşy­ryl­dy. “Mit­su­bis­hi Electric” kom­pa­ni­ýa­sy ta­ra­pyn­dan ön­dü­ri­len SLIM-iň be­ýik­li­gi 2,4 met­re, ini 2,7 met­re ba­ra­bar bo­lup, ag­ra­my 700 ki­log­ra­ma ýet­ýär. Go­nuş en­ja­my­nyň 3-4 aý­da Ýe­riň hem­ra­sy­nyň or­bi­ta­sy­na gir­me­gi­ne we 4-6 aý­da as­man ji­si­mi­niň ýü­zü­ne gon­du­ryl­ma­gy­na ga­ra­şyl­ýar.
Ýa­po­ni­ýa­nyň bu en­jam ar­ka­ly top­la­jak mag­lu­mat­la­ry NA­SA-nyň alyp bar­ýan, Aýa adam­ly uçuş­la­ryň ýo­la go­ýul­ma­gy mak­sat edi­nil­ýän “Ar­te­mis” tas­la­ma­syn­da hem peý­da­la­ny­lar.
Ýe­ri ge­len­de bel­le­sek, soň­ky wagt­lar­da dün­ýä ýurt­la­ry Aý bi­len bag­ly mak­sat­na­ma­la­ra aý­ra­tyn üns ber­ýär­ler. Go­laý­da Hin­dis­ta­nyň “Chand­rayaan-3” kos­mos gä­mi­si Aýyň gü­nor­ta pol­ýu­sy­na go­laý ýe­re gon­du­ry­lyp­dy. Şon­dan bir­nä­çe gün ozal Rus­si­ýa­nyň Aýyň ýa­kyn ta­ra­py­na ibe­ren kos­mos gä­mi­si­niň go­nu­şy şow­suz ta­mam­la­nyp­dy.