Şäherleriň köpüsinde müňlerçe köçe bar bolsa-da, ýaşaýjylar tarapyndan bir ýa-da iki köçe has gowy tanalýar. Şäherleriň ady agzalanda şol şäherdäki meşhur köçäniň ady hem tutulýar. Hatda şol köçäniň ugrundaky myhmanhanalar, söwda nokatlary, güýmenje merkezleri, taryhy ýadygärlikler bilen hem gyzyklanylýar. Syýahatçylar şäherlere gezelenç edenlerinde şäheriň syýahatçylyk merkezleri bilen bir hatarda, meşhur köçelerini hem aýlanýarlar. Ol ýerde ýadygärlik suratlara düşýärler, köçe restoranlarynda garbanýarlar hem-de güýmenje merkezlerinde medeniýetli dynç alýarlar. Gazetimiziň şu sanynda sizi dünýädäki meşhur köçeler bilen tanyşdyrýarys.
Lombard. San-Fransiskoda ýerleşýän Lombard dünýäniň iň egri köçesi bolmak bilen meşhurdyr. Sekiz gatly öwrümden ybarat bolan bu köçe depä tarap uzalýar. Eňňitli egrem-bugram köçede ulaglar bary-ýogy sagatda 8 kilometr tizlik bilen hereket edip bilýärler. Lombard köçesi «ýylan seýilgähi» ady bilen hem tanalýar.
Şöhratlylar seýilgähi. Los-Anjelesdäki şöhratlylar seýilgähi köçesi meşhur aktýorlary, sazandalary, režissýorlary, prodýuserleri, teatr ussatlaryny hatyralamak maksady bilen gurlupdyr. Köçäniň ýüzünde 2 müň 400-den gowrak ýyldyz bolup, olaryň ýüzüne ussatlaryň atlary ýazylypdyr. Köçedäki ýyldyzlar halkdan gelýän tekliplere görä ýyl-ýyldan köpelýär. Şöhratlylar seýilgähi iň köp surata düşülýän ýerleriň biridir.
La-Rambla. La-Rambla Ispaniýanyň Barselona şäheriniň iň işjeň pyýada ýollarynyň biridir. Iki gyrasy agaçlar bilen örtülen bu köçäniň uzynlygy 1 kilometre barabar bolup, köçäniň ugrunda oturgyçlar, güllerden ýasalan ýadygärlik sowgatlary satylýan kiçiräk dükanlar, attraksion meýdançalar, çaýhanalar we kofehanalar bar. Gün dogandan giç agşama çenli La-Rambla köçesi köp adamly bolýar.
Brodweý. Brodweý diňe bir Nýu-Ýorkuň meşhur köçeleriniň bir bolmak bilen çäklenmän, eýsem, şäheriň iň demirgazyk-günorta ýoludyr. 21 kilometre uzaýan bu köçäniň ugrunda Täze ýyl baýramçylygynyň geçirilýän ýeri bolan Taýms meýdançasy, Nýu-Ýorkuň meşhur teatr merkezi, söwda merkezleri ýerleşýär. Brodweý köçesi mydama köp adamly bolup, baýramçylyk günlerinde syýahatçylar köçäniň ugrunda geçirilýän çäreleri synlamaga barýarlar.
Abbeý-road. «The Beatles» aýdym-saz toparynyň janköýeri bolsaňyz, onda bu köçä hökman baryp görmelisiňiz. Londonyň iň meşhur köçeleriniň biri bolan Abbeý ýoly Beatlesiň 1969-njy ýylda çykaran 11-nji albomynyň daşynda şekillendirilýär. Ýoldaky ak zolaklardan geçip barýan Beatlesiň 4 agzasynyň suraty häzirki günlerde hem meşhurlygyny saklaýar. Her ýyl ýüzlerçe janköýer, syýahatçy bu köçäniň çatrygyna gelip, ak çyzyklaryň üstünde Beatlesiň keşbini janlandyrýar.