Ýene-de 3 ýyldan Meksikadyr ABŞ-da we Kanadada geçirilejk FIFA Dünýä Kubogynyň saýlama tapgyrynyň oýunlarynda Günorta Amerikada badalga berildi.
10 ýygyndydan ybarat bolan Günorta Amerika zolagynda çykyş edýän toparlaryň 6-sy Dünýä Kubogyna gatnaşar, pleý-offlardan soňam ýene biri olaryň hataryna goşulmagy mümkin.
Saýlama duşuşyklarynyň ilkinji tapgyrynda häzirlikçe oýnalan 3 oýunda 2 gol hasaba alyndy. Şolaryň birini Lionel Messi öz adyna ýazdyrdy. Ol 1-0 hasabynda tamamlanan Argentina bilen Ekwadoryň arasyndaky duşuşygyň 78-nji minutynda jerime urgusyndan diýseň ajaýyp gol geçirdi. Bu onuň jerime urgularyndan geçiren 65-nji goly hökmünde hasaba alyndy. Şunlukda, Lionel Messi bu ugurda häzirki wagtda çykyş edýän kluby “Inter Maýaminiň” eýeleriniň biri bolan Dewid Bekham bilen deňleşdi. Messi bu ugurda braziliýaly Juninio Pernambukanodan (77), Peleden (70), argentinaly Wiktor Legrotalieden hem-de braziliýaly Ronaldiniodan (66) yzda barýar.