10-njy sentýabrdan 13-nji sentýabr aralygynda, Wladiwostokda Uzak Gündogar Federal Uniwersitetiniň şäherjiginde VIII Gündogar ykdysady forumy (WEF) geçiriler. Foruma birnäçe ýurduň wekiliýetleri gatnaşar.
Primorýe ülkesiniň häkimliginiň metbugat gullugynyň habaryna görä, forumyň çägindäki maksatnamalara Belarusdan, Wýetnamdan, Hindistandan, Gazagystandan, Hytaýdan, Demirgazyk Koreýadan, Laosdan, Mýanmardan, Singapurdan we Filippinlerden gelen myhmanlar gatnaşarlar. Forumda dürli derejedäki daşary ýurt wekiliýetleri bilen duşuşyklar hem meýilleşdirilýär.
Ýakynda Russiýanyň Prezidentiniň metbugat sekretary Dmitriý Peskow Prezident Wladimir Putiniň 12-nji sentýabrda geçiriljek Gündogar ykdysady forumynyň umumy mejlisine gatnaşjakdygyny habar berdi. Onuň sözlerine görä, maslahatda gyzykly çekişmelere garaşylýar.
Gündogar ykdysady forumy – Russiýa we global maýa goýum jemgyýetleriniň arasynda gatnaşyklary döretmek we berkitmek, Russiýanyň Uzak Gündogarynyň ykdysady mümkinçiliklerine giňişleýin baha bermek, ösüşiň ileri tutulýan ugurlarynda maýa goýum mümkinçiliklerini we iş şertlerini görkezmek üçin möhüm halkara platformasydyr.
Bu forum Uzak Gündogaryň ykdysadyýetiniň ösmegine ýardam bermek we Aziýa-Ýuwaş umman sebitinde halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmek maksady bilen 2015-nji ýylyň 19-njy maýynda Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň karary bilen döredildi.
VIII Gündogar ykdysady forumynyň şygary “Hyzmatdaşlyga, parahatçylyga we abadançylyga tarap” bolar. Çäräni “Roskongress” gaznasy guraýar.