1892-nji ýy­lyň 9-njy sent­ýab­ryn­da Gün ul­ga­my­nyň iň uly pla­ne­ta­sy bo­lan Ýu­pi­te­riň 5-nji uly hem­ra­sy Amal­te­ýa­nyň üs­ti açyl­dy. Soň­ky mag­lu­mat­la­ra gö­rä, gaz­dan eme­le ge­len ägirt uly pla­ne­ta­nyň hem­ra­la­ry­nyň sa­ny­nyň 80-95 ara­ly­gyn­da­dy­gy anyk­lan­dy. Ame­ri­kan ast­ro­naw­ty Eduard Emer­son Ber­nar­dyň üs­tü­ni açan as­man ji­si­mi Ýu­pi­te­riň ulu­ly­gy ba­bat­da hem bä­şin­ji hem­ra­sy ha­sap­lan­ýar. Şol se­bäp­li te­bi­gy hem­ra “Ju­pi­ter V” hem diý­lip at­lan­dy­ryl­ýar. As­man ji­si­mi­ne Amal­te­ýa ady 1976-njy ýyl­da Hal­ka­ra Ast­ro­no­mi­ýa Bi­le­le­şi­gi ta­ra­pyn­dan res­mi ýag­daý­da be­ril­ýär.