Hindi kosmos stansiýasy “Aditya-L1” ilkinji suratlaryny iberdi. Bu barada TASS habarlar gullugy habar berýär.
Awtomatiki kosmos stansiýasy Güni öwrenmek üçin iberildi. Ol Ýeriň we Aýyň ilkinji suratlaryny ugratdy, üstesine-de bort kamerasynyň ýardamy bilen öz suratyny hem ýollady. Planetamyzyň suratlary Hindi kosmos barlaglary guramasy (ISRO) tarapyndan sosial ulgamda çap edildi. Şeýle hem gurama bu stansiýanyň L1 Gün-Ýer nokadyna iberilendigini, ýol ugruna bolsa, Ýeri we Aýy surata düşürýändigini aýtdy.
Awtomatiki kosmos stansiýasy 2-nji sentýabrda uçuryldy. 125 günüň içinde Gün-Ýer ulgamynyň Lagrange nokadynyň (L1 nokady) galo orbitasyna girer diýlip garaşylýar. Ol Ýerden, takmynan, 1,5 million kilometr uzaklykda bolar. Görkezilen nokatda, stansiýa Ýere we Güne garanda, hereketsiz galar. Bu ýerde Gün tutulma ýok, şonuň üçin hiç hili päsgelçiliksiz ýyldyzlary öwrenmek mümkin bolar. Şeýle hem, stansiýanyň Ýeriň magnit meýdanyndan uzakda ýerleşmeginiň ähmiýeti uly bolup, bu ýagdaý barlag wagtynda oňa päsgelçilik döretmez.
Hindi stansiýasy, Günüň dürli aýratynlyklaryny öwrenmek maksady bilen döredilen birgiden gözleg ulgamy bilen enjamlaşdyrylandyr. Stansiýa magnit meýdanyny ölçär, Günden düşýän bölejikleriň akymyny, Gün aýtymyny we ondan zyňylýan alawlaryň hereketini öwrener. Mundan başga-da, stansiýa Gün fotosferasyny, hromosferasyny öwrenip, Gün şöhleleriniň üýtgemelerini ölçer. “Aditya-L1” taslamasy Hindistan tarapyndan şu ýyl amala aşyrylan ikinji ýokary tehnologiýaly kosmos barlaglary missiýasy boldy.