Aýdym-saz äleminiň abraýly baýraklaryndan “MTV Music Video” aýdym-saz baýraklarynyň ýeňijileri Nýu Jerside geçirilen dabarada mälim edildi. Belli aýdymçy Niki Minažyň alyp baran dabarasynda meşhur aýdymçy Teýlor Swift baýrak baryny çöpledi. 11 ugurdan dalaşgär görkezilen Swift şolaryň 9-synda ýeňiş gazandy. Onuň “Anti-Hero” atly aýdymy ýylyň wideosy, ýylyň aýdymy, iň gowy pop, şol sanda, iň gowy wizual effektler, iň gowy režissýor, iň gowy operator diýen ugurlarda “MTV Music Video” baýragyna laýyk görüldi. Baýragyň taryhynda ilkinji gezek ýylyň sungat işgäri baýragyna dalaşgär görkezilenleriň ählisi zenan aýdymçylar bolupdy. Beýonse, Doja Cat, Karol G, Niki Minaž, Şakira dagydan öňe saýlanan Teýlor Swift baýragy gazanmagy başardy. Ýylyň iň gowy tomusky şou baýragyna-da mynasyp bolan Swiftiň “Midnight” atly albomy ýylyň albomy baýragyna-da laýyk görüldi.

Ýylyň täze sungat işgäri diýlen ugurda baýrak Ice Spice ady bilen belli bolan ýaş zenan aýdymça gowşuryldy. Şeýle-de, iň gowy hip hop baýragyna “Super Freaky Girl” aýdymy üçin Niki Minaž, iň gowy R&B baýragyna “Shirt” aýdymy bilen SZA, iň gowy K-pop sylagyna-da “Stray Kids” topary laýyk görüldi.

Anitta “Funk Rave” aýdymy bilen iň gowy latyn, “Maneskin” topary “The Loneliest” aýdymy üçinem iň gowy rok baýraklary bilen sylaglandy.

1984-nji ýyldan bäri gowşurylyp gelýän “MTV Music Video” baýraklarynda Lana Del Reýiň “Candy Necklace” aýdymy iň gowy alternatiw, Rema bilen Selena Gomesiň bilelikdäki “Calm Down” aýdymy iň gowy “afrobeats”, ýaş aýdymçy Dow Kameronyň “Breakfast” aýdymy-da “Video for Good” baýraklaryna laýyk görüldi. Ýylyň iň gowy topary diýlip, koreýleriň meşhur aýdym-saz topary “Blackpink” saýlandy. Maýkl Jeksonyň adyny göterýän ýörite baýraga kolumbiýaly belli aýdymçy Şakira mynasyp boldy. “Global Ikon” baýragy-da Diddy ady bilen meşhurlyga eýe bolan Şon Law Kombsa berildi.

Ýyldyz aýdymçylaryň gatnaşan dabarasynda Sabrina Karpenter, Oliwiýa Rodrigo, Kardi B, Demi Lowato, Anitta, Doja Cat, Niki Minaž, Şakira, Karol G, “Stray Kids”, “Tomorrow X Together”, Kelsi Ballerini, Diddy, Megan Thee Stallion, Lil Weýn ýaly aýdymçydyr toparlar özleriniň iň gowy aýdymlary bilen çykyş edip, şol ýere ýygnanlaryň göwünlerini galkyndyrdy.