NA­SA-nyň 2021-nji ýyl­da Mar­sa gon­du­ry­lan «Per­severance» at­ly al­ty ti­gir­li ro­bo­tyn­da­ky MOXIE (Mars kis­lo­rod ýe­rin­de çeş­me ula­ny­ly­şy) en­ja­my­nyň ki­çi­jik gü­jü­giň dem al­ma­gy­na ýet­jek de­re­je­de kis­lo­rod ön­dü­ren­di­gi mä­lim edil­di. Ae­ro­kos­mos eda­ra­sy­nyň hü­när­men­le­ri iki ýy­lyň do­wa­myn­da al­nyp bar­lan tej­ri­bä­niň ne­ti­je­sin­de kis­lo­rod ön­dür­me­gi ba­şar­dy­lar.
Ast­ro­nom­lar MOXIE-niň hä­zir­ki wagt­da 122 gram kis­lo­rod ön­dü­ren­di­gi­ni, mu­nuň bir gü­jü­giň 10 sa­gat­lap dem al­jak ho­wa­sy­na ba­ra­bar­dy­gy­ny mä­lim et­di­ler. En­jam ga­ra­şy­lan­dan has ýo­ka­ry ne­ti­je be­rip, 98 gö­te­rim aras­sa kis­lo­rod ön­dü­rip­dir. En­ja­my Mas­sa­çu­sets teh­no­lo­gi­ýa ins­ti­tu­ty­nyň hü­när­men­le­ri iş­läp taý­ýar­lap­dyr.
MOXIE at­ly gu­tu­jyk ro­bo­tyň beý­le­ki elekt­ron en­jam­la­ry­nyň tä­sir et­mez­li­gi üçin al­tyn­dan ýa­sa­lyp­dyr. MOXIE-niň ön­dü­ren kis­lo­ro­dy bal­lo­nyn­da sak­lan­ýar.
Kö­mür­tur­şy ga­zy­ny kis­lo­ro­da öwür­mek üçin iş­le­nip taý­ýar­la­nan en­jam Ýer­de bir­nä­çe sy­nag­dan ge­çi­ri­len­den soň­ra Gy­zyl pla­ne­ta ibe­ri­lip­di. Bu tas­la­ma gel­jek­de Aý­da ýa-da Mars­da ast­ro­nom­la­ryň zäh­met çek­jek be­ket­le­rin­de peý­da­la­nyl­ma­gy üçin iş­le­nip taý­ýar­lan­dy.

Aý­lar AK­MY­RA­DO­WA,
Türk­me­nis­ta­nyň Oguz han adyn­da­ky In­že­ner-teh­no­lo­gi­ýa­lar uni­wer­si­te­ti­niň mu­gal­ly­my.