Her pas­lyň öz aý­ra­tyn­ly­gy, tä­sin­li­gi bol­ýar. Güýz pas­ly­nda ho­wa­nyň so­wa­ma­gy, ýa­gyn­ly­ly­gy, çyg­ly­lygy, yz­gar­ly­ly­gy hem-de üýt­ge­me­gi bi­len möw­süm­le­ýin ýi­ti res­pi­ra­tor ýo­kanç ke­sel­le­ri dö­re­di­ji wi­rus­la­ryň kö­pel­me­gi­ne şert dö­re­ýär. Şonuň üçin hem her bir adam ke­sel­ler­den go­ra­nyp, sag­dyn ýa­şap ila­tyň aras­sa­çy­lyk me­de­ni­ýe­ti­niň ýo­kar­lan­ma­gy­na, dür­li ýo­kanç ke­sel­le­riň, ýa­ra­maz en­dik­le­riň öňü­ni al­ma­ga işjeň gatnaşmalydyr.
Iý­mit önüm­le­ri her bir ada­myň be­de­ni­niň kuw­wat­ly bol­ma­gy­ny üpjün edip, ke­sel­le­re gar­şy gö­reş­mek uky­by­ny ýokarlandyrýar we dür­li ke­sel­le­riň, şol san­da möw­süm­le­ýin ke­sel­le­riň hem ýü­ze çyk­ma­gy­nyň öňü­ni al­ýar. Adam­lar gün­de­lik iý­mit­le­rin­de mi­we­le­ri, ir-iý­miş­le­ri, gök-bak­ja we süýt önüm­le­ri­ni köp muk­dar­da ulan­ma­ly­dyr. Wi­ta­min­le­re, mi­ne­ral­la­ra, mik­roe­le­ment­le­re baý mi­we­le­ri, gök önüm­le­ri iý­me­li. Mil­li ta­gam bo­lan gy­zyl burç aty­lan una­şyň hem sag­lyk­da äh­mi­ýet­li orun tut­ýan­dy­gy mä­lim­dir. Gy­zyl burç una­şa üýt­ge­şik ta­gam be­rip, ony una­şa is­le­gi­ňi­ze gö­rä goş­ma­ly we ýa­ny bi­len süz­me äbe­ril­se, has ta­gam­ly we peý­da­ly bo­lar. Ýi­ti ta­ga­my we ysy bo­lan sa­rym­sa­gyň dü­zü­min­de ýo­kanç ke­sel­le­ri dö­re­di­ji­le­ri gy­ry­jy mad­da­la­r sak­lan­ýar. Sag­ly­gy ber­kit­mek­de bu ösüm­lik­den peý­da­lan­mak ga­dym wagt­lar­dan bä­ri do­wam edip ge­l­ýär. Şeý­le hem, li­mon, bal ga­ry­lan gök çaý, ýy­ly mi­ne­ral su­wy, ter we ka­ka­dy­lan mi­we­le­riň gaý­nat­ma­la­ry, gök önüm­le­riň, mi­we­le­riň we ir-iý­miş­le­riň tä­ze sy­ky­lan şi­re­le­ri, Gahryman Arkadagymyzyň «Türk­me­nis­ta­nyň der­man­lyk ösüm­lik­le­ri» at­ly köp jilt­li yl­my-en­sik­lo­pe­dik ki­ta­byn­da be­ýan edil­ýän der­man ot­lar­dan taý­ýar­la­nan mel­hem çaý­la­ry, der­man­lyk ösüm­lik­ler­den nar­py­zyň, ýan­da­gyň, ço­pan­tel­pe­giň, bu­ýan kö­kü­niň, in­jir ýap­ra­gy­nyň dem­le­me­si peý­da­ly iç­gi­ler hök­mün­de mas­la­hat be­ril­ýär.
Nä­dog­ry na­har­lan­mak, ýag­ny köp iý­mek ýa-da luk­ma­na sa­la sal­man hor­lan­mak üçin aç gez­mek, has gyz­gyn ýa-da ga­ty so­wuk zat­la­ry iýip-iç­mek be­den­de mad­da çal­şy­gy­nyň üýt­ge­me­gi­ne, umu­my ýag­da­ýyň ýa­ra­maz­laş­ma­gy­na ge­tir­ýär. Ýa­şy ulu­rak adam­la­ra ýag­syz sy­gyr eti, ýu­murt­ga, no­hut, noý­ba, kä­di, süýt önüm­le­ri ýa­ram­ly. Gün­de­lik iý­mi­te ter gök ot­lar, ke­lem, kä­şir, şu­gun­dyr, kä­di ýa­ly gök-bak­ja önüm­le­ri goş­ma­ly.
Güý­züň ho­wa­sy ada­ma üýt­ge­şik tä­sir edip, bu wagt te­bi­gat­da ge­ze­lenç et­mä­ge müm­kin­çi­lik dö­re­ýär. Aras­sa ho­wa­da gez­mek adam be­de­nin­dä­ki mad­da­la­ryň alyş-çal­şy­gy­na, en­da­my­nyň he­re­ke­ti­ne tä­sir ed­ýär. Şo­nuň üçin pas­la gö­rä ge­ýin­me­li, daş çyk­maz­dan öň bu­run boş­lu­gy­na ok­so­lin mel­he­mi­ni çal­ma­ly. Aýak­lar my­da­ma ýy­ly sak­lan­ma­ly.
Ýa­şa­ýyş we iş otag­la­ry­ny aras­sa sak­la­ma­ly, ýy­gy-ýy­gy­dan çyg­ly aras­sa­la­ýyş tä­miz­li­gi­ni ýö­ri­te ni­ýet­le­nen zy­ýan­syz­lan­dy­ryş se­riş­de­le­ri­ni re­je­li we ýer­lik­li ula­nyp ge­çir­me­li, otag­la­ryň ho­wa­sy­ny çal­şyp dur­ma­ly. Be­de­niň ke­sel­le­re gar­şy gö­reş­mek uky­by­ny ber­kit­mek üçin aram gyz­gyn we so­wuk suw ge­zek­leş­di­ril­ýän duş, er­tirki maşk­lar, ha­ýal yl­gaw, ýö­re­mek, we­lo­si­ped­li ge­ze­lenç et­mek peý­da­ly.
Ýo­kar­da ag­za­lan mas­la­hat­la­ry berk ber­jaý et­se­ňiz, özü­ňi­zi möw­süm­le­ýin dö­re­ýän ke­sel­ler­den go­rap bi­ler­si­ňiz.

Ma­ýa­gö­zel Nur­jy­ko­wa, Aş­ga­bat şä­he­ri­niň 6-njy Sag­lyk öýü­niň baş luk­ma­ny.