Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman
Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen eziz Watanymyz ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly barýar. Il-ýurt bähbitli, döwlet we dünýä ähmiýetli beýik işleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda ýokary netijeler gazanylýar, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleri yzygiderli ýokarlanýar, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara abraýy barha artýar.
Täze taryhy eýýamda ýurdumyzyň beýleki ulgamlary bilen bir hatarda medeniýet ulgamyny hem ösdürmäge, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmäge möhüm ähmiýet berilýär. Ýurdumyzda dürli medeni çäreleri, şol sanda bäsleşikleri, Medeniýet hepdeligini, şeýle hem dostlukly ýurtlarda Türkmenistanyň Medeniýet günlerini, dürli ýurtlaryň Türkmenistandaky Medeniýet günlerini, halkara festiwallary, maslahatlary geçirmek asylly däbe öwrüldi.
Dünýä giňişliginde işjeň halkara hyzmatdaşlyk syýasatyny durmuşa geçirýän Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan türki dilli ýurtlar bilen gatnaşyklaryň giňeldilmegine uly üns gönükdirýär. Türki dilli ýurtlaryň halklary bilen türkmen halkyny taryhy köklerimiziň umumylygy, asyrlaryň jümmüşine uzap gidýän medeni we ruhy däpler baglanyşdyrýar. Häzirki döwürde Türkmenistan TÜRKSOÝ guramasynyň işjeň agzalarynyň biri bolup, medeni mirasyň goralyp saklanmagyna, türki dilli halklaryň arasynda doganlyk gatnaşyklaryň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Geçen ýylyň 28-nji noýabrynda hormatly Prezidentimiziň Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretary Sultan Raýewi kabul etmegi, bu guramanyň taryhy, ruhy, medeni gymmatlyklarynyň umumylygy birleşdirýän halklaryň arasyndaky dost-doganlygy, oňyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen maksatlaryna laýyk gelýän gatnaşyklarynyň netijeli häsiýetini bellemegi bu ugra berilýän ünsüň örän uludygyna şaýatlyk edýär.
Türkmenistan döwletimiz türki dünýäde döredilen ilkinji hyzmatdaşlyk guramasy bolan TÜRKSOÝ bilen hem-de oňa agza döwletler bilen özara medeni hyzmatdaşlygy yzygiderli alyp barýar. TÜRKSOÝ guramasy türki döwletleriň arasynda medeniýet we sungat ugurlary, bu ulgamda ylmy barlaglary, özara bähbitli döredijilik alyşmalaryny höweslendirmek hem-de bilelikdäki çäreleri geçirmek babatda gatnaşyklary alyp barýar.
TÜRKSOÝ-yň diňe bir gurama gatnaşyjy ýurtlaryň medeni gatnaşyklarynyň netijeli guraly bolmak bilen çäklenmän, eýsem, köp sanly döwletleri we halklary halkara hyzmatdaşlygyň giňişligine çekýändigini bellemek gerek. «Türki dünýäniň medeni paýtagty» taslamasy halkara giňişlikde türki halklaryň medeniýeti bilen tanyşdyrmaga mümkinçilik berýär.
Medeni gatnaşyklary ösdürmek Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, TÜRKSOÝ bilen türki dilli halklaryň baý medeni mirasyny aýawly saklamaga, öwrenmäge we wagyz etmäge gönükdirilen gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýedigini nygtamak zerurdyr. Şol miras umumadamzat medeni hazynasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Şunda hormatly Prezidentimiziň, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň hyzmatlary örän uludyr.
Mälim bolşy ýaly, 2022-nji ýylda Türki medeniýetiň halkara guramasynyň hemişelik geňeşiniň nobatdaky mejlisinde Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygynyň hormatyna 2024-nji ýyl «Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly», gadymy türkmen şäheri Änew bolsa 2024-nji ýylda «Türki dünýäniň medeni paýtagty» diýlip yglan edildi.
Daşary ýurtlaryň döredijilik toparlarynyň we wekiliýetleriniň gatnaşmagynda geljek ýyl Änewde geçiriljek medeni çäreleriň meýilnamasyny taýýarlamak boýunça işler utgaşykly alnyp barylýar. Hususan-da, ylmy maslahatlaryň, ýaşlaryň duşuşyklaryny we mediaforumlary, meşhur estrada, halk ýerine ýetirijileriniň konsertlerini, şekillendiriş, amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergilerini, fotosergileri, ýurdumyzyň taryhy-medeni ýadygärlikleri boýunça gezelençleri we beýleki köp sanly çäreleri guramak göz öňünde tutulýar. Şeýle hem Änewde TÜRKSOÝ-yň howandarlygynda däp bolan döredijilik çäresi geçiriler.
Şeýle wakalar TÜRKSOÝ-yň çäklerindäki hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge täze itergi berer hem-de baý türki medeniýetiň mundan beýläk-de ösdürilmegine ýardam eder.
Kasymmyrat NURMÄMMEDOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.