Ga­raş­syz ýur­du­my­zyň ösüş de­re­je­si gün sa­ýyn bar­ha ýo­kar­lan­ýar. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­lan­gy­jy bi­len Türk­me­nis­tan­da ýa­şa­ýan her bir ada­myň asu­da, aba­dan dur­mu­şy­ny üp­jün et­mek mak­sat­ly edil­ýän iş­le­ri­niň sa­ny bar­ha kö­pel­ýär. Her ýy­lyň sent­ýabr aýyn­da «Ýol he­re­ke­ti­niň howp­suz­ly­gy — öm­rü­mi­ziň ra­hat­ly­gy» di­ýen şy­gar bi­len bi­raý­ly­gyň ge­çi­ril­me­gi, il­kin­ji no­bat­da, eziz Di­ýa­ry­my­zyň bag­ty­ýar ra­ýat­la­ry­nyň sag­ly­gy­ny go­rap sak­la­mak bi­len bag­la­ny­şyk­ly asyl­ly mak­sat­lar­dan ugur al­ýar.
Hä­zir­ki wagt­da ýur­du­my­zyň ýol-ulag dü­zü­mi yzy­gi­der­li döw­re­bap­laş­dy­ry­lyp, hal­ka­ra de­re­je­li ýol­lar, köp­rü­ler gu­rul­ýar. Ýol­lar­da bök­denç­siz he­re­ke­ti ýo­la goý­mak, ra­ýat­la­ryň ra­hat gat­na­wy­ny üp­jün et­mek, döw­re­bap ýol-ulag ul­ga­my­ny dö­ret­mek ba­ba­tyn­da saz­la­şyk­ly iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Döw­re­bap ýol­lar gi­je­le­ri­ne daş-tö­we­re­gi gün­diz­lik deý ýag­ty­lan­dyr­ýan çy­ra­lar, gü­nüň is­len­dik ça­gyn­da sü­rü­ji hem py­ýa­da üçin anyk gö­rün­ýän ýol bel­gi­le­ri bi­len üp­jün edil­ýär. Çat­ryk­lar­da­ky sow­ma ýol­lar, köp­rü­ler, ýe­ras­ty hem-de ýe­rüs­ti ge­çel­ge­ler, ýan­ýo­da­lar we ýa­şyl zo­lak­lar, bu­la­ryň äh­li­si sü­rü­ji­ler­dir ýo­lag­çy­la­ryň ra­hat he­re­ket­le­ri üçin dö­re­di­len müm­kin­çi­lik­ler­dir.
Ýur­du­myz­da he­re­ket ed­ýän ka­nun­lar, ko­deks­ler we ka­da­laş­dy­ry­jy hu­kuk­na­ma­lar hem Türk­me­nis­tan­da ýa­şa­ýan ýa­şaý­jy­la­ryň bäh­bit­le­ri­ne la­ýyk­lyk­da ka­bul edil­ýär. Şol san­da “Ýol he­re­ke­ti­niň howp­suz­ly­gy ha­kyn­da” Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nu­ny mu­ňa aý­dyň my­sal bo­lup bil­ýär. Ka­nu­na la­ýyk­lyk­da, ýol he­re­ke­ti­niň howp­suz­ly­gy­ny üp­jün et­mek çyg­ryn­da döw­let gö­zeg­çi­li­gi ama­la aşy­ryl­ýar. Ösüp gel­ýän jem­gy­ýet­de ýaş nes­liň aba­dan we ra­hat dur­muş­da ýa­şa­mak­la­ry üçin bir­nä­çe ka­da-ka­nun­lar dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär.
Her ýyl däp bo­lan bi­raý­lyk çä­rä­niň do­wa­myn­da po­li­si­ýa­nyň ýol gö­zeg­çi­li­gi bö­lüm­çe­le­ri ýö­ri­te dü­zü­len me­ýil­na­ma la­ýyk­lyk­da, gat­naw­ly ýol­lar­da ýol he­re­ke­ti­niň düz­gün­le­ri­niň ber­jaý edi­li­şi­ne, ýol-ulag ha­dy­sa­la­ry­nyň öňü­ni al­mak bo­ýun­ça gö­zeg­çi­lik çä­re­le­ri­ne uly äh­mi­ýet ber­ýär­ler. Ça­ga­lar eda­ra­la­ryn­da, bi­lim ojak­la­ryn­da, dür­li eda­ra-kär­ha­na­lar­da, oba ýer­le­rin­de zäh­met çek­ýän bag­ty­ýar ra­ýat­la­ryň ara­syn­da wa­gyz-ne­si­hat iş­le­ri­ni yzy­gi­der­li gu­ra­ýar­lar. Ra­ýat­la­ry­my­zyň ýol he­re­ke­ti­niň düz­gün­le­ri­ni ber­jaý et­mek­le­ri­ni ga­zan­mak bu ugur­da ge­çi­ril­ýän wa­gyz-ne­si­hat çä­re­le­ri­niň esa­sy mak­sa­dy­dyr.
Hä­zir­ki gün­ler­de ýur­du­my­zyň her bir kün­je­gin­de bo­lu­şy ýa­ly Baý­ra­ma­ly et­rap po­li­si­ýa bö­lüm­miz­de hem gu­ra­ma­çy­lyk­ly we öz­bo­luş­ly tä­sir­li çä­re­ler, mas­la­hat­lar do­wam­ly ge­çi­ril­ýär. Çä­re­ler­de ýol he­re­ke­ti­niň düz­gün­le­ri, py­ýa­da we sü­rü­ji­niň we­zi­pe­le­ri ba­ra­da nyg­ta­lyp, dür­li mas­la­hat­lar be­ril­ýär.
Umu­man, ýur­du­myz­da ýol he­re­ke­ti­niň howp­suz­ly­gy bi­len bag­la­ny­şyk­ly yzy­gi­der­li ge­çi­ril­ýän çä­re­ler ýol he­re­ke­ti­niň ka­da­la­ry­nyň ber­jaý edil­me­gi­ne, ýol-ulag ha­dy­sa­la­ry­nyň öňü­niň alyn­ma­gy­na, şeý­le hem, adam­la­ry hu­kuk ka­da­la­ry­ny hor­mat­la­mak ru­hun­da ter­bi­ýe­le­mä­ge ýar­dam ber­ýär.

Rahymberdi An­na­my­ra­dow, Ma­ry we­la­ýa­ty­nyň Baý­ra­ma­ly et­rap po­li­si­ýa bö­lü­mi­niň PÝWM-niň oba ýe­rin­de ýer­li we­ki­li, po­li­si­ýa­nyň uly leý­te­nan­ty.