Bir adam nä­çe di­li öw­re­nip bi­ler? Bir adam nä­çe dil­de gep­le­me­gi ba­şa­rar?
Bu so­rag­lar hem­me­ler üçin gy­zyk­ly bol­sa ge­rek. Dün­ýä­niň iň köp dil bil­ýän ada­my Zi­ad Fa­zah bo­lup, ol je­mi 59 dil­de gep­läp bil­ýär. Ge­çi­ri­len sy­nag­lar­da onuň 59 dil­dä­ki ra­ýat­lar bi­len dü­şü­ni­şip we ara­gat­na­şyk sak­lap bil­jek­di­gi ýü­ze çy­ka­ryl­dy. Bel­le­nilişine gö­rä, Fa­za­hyň hä­zir­ki wagt­da dün­ýä­niň iň uly ýaş­ly po­lig­lo­ty­dy­gy (köp dil bil­ýän) aý­dyl­ýar.
Fa­zah 1954-nji ýyl­da Li­be­ri­ýa­da do­gul­ýar. Li­wan­da er­me­ni di­li­ni öw­re­nen­den soň, köp dil öw­ren­mek ka­ra­ry­na gel­ýär. Ol 1998-nji ýyl­da 58 dil­de gep­läp we okap bil­ýän­di­gi üçin Gin­ne­siň Bü­tin­dün­ýä re­kord­lar ki­ta­by­na iň köp dil bil­ýän adam hök­mün­de ha­sa­ba alyn­ýar. Fa­zah hä­zir­ki wagt­da Bra­zi­li­ýa­da ýa­şa­ýar.
Ýer ýü­zün­de 7 müň­den gow­rak dil bo­lup, olar ene di­li, res­mi dil­ler, hal­ka­ra dil­ler ýa­ly to­par­la­ra bö­lün­ýär. Ta­ry­hy mag­lu­mat­la­ra görä, IX asyrda ýaşap geçen Al Fa­ra­by­nyň 70 di­li su­wa­ra bi­len­di­gi aý­dyl­ýar.