Bak­te­ri­ýa­lar­dan go­ran­ma­gyň iň go­wy usu­ly eli­ňi­zi wagt­ly-wag­tyn­da ýuw­mak­dyr. El­le­ri ýuw­mak dişiňizi aras­sa­la­mak ýa-da sa­çyňyza ti­mar ber­mek ýa­ly mö­hüm en­dik­le­riň bi­ri­dir. Gün­de­lik dur­muş­da amal­la­ry ýa-da öý ýu­muş­la­ry­ny, esa­san, eli­miz bi­len ýe­ri­ne ýe­tir­ýä­ris. Sa­lam­laş­ýa­rys, hat ýaz­ýa­rys, na­har iý­ýä­ris, öý jan­dar­la­ry­ny sy­pa­la­ýa­rys, bag­la­ra ti­mar ber­ýä­ris… Eýsem, eli­mi­zi wagt­ly-wag­tyn­da aras­sa­la­ma­ga üns ber­ýä­ris­mi?!
Mik­rob­lar örän ki­çi bo­lan­soň, ola­ry gö­zü­miz bi­len gö­rüp bil­me­ýä­ris. Mik­rob­la­ryň ag­la­ba bö­le­gi eli­miz­de sak­la­nyp, ola­ry ýu­wut­mak dür­li ke­sel­le­riň dö­re­me­gi­ne ge­tir­ýär. Şah­sy aras­sa­çy­ly­gy ber­jaý et­mek üçin eli­mi­zi dog­ry ýuw­ma­ly.
Il­ki bi­len eli­ňi­zi öl­läň.
Soň­ra kö­pür­jik­le­ýän­çä eli­ňi­ze sa­byn ça­lyň.
Kö­pür­ji­gi eliň äh­li ýe­ri­ne – aýa­sy­na, ar­ka­sy­na, bar­mak­la­ryň ara­sy­na, dyr­nak­la­ryň aşa­gy­na azyn­dan 20 se­kunt­lap sürt­me­li.
Soň­ra akar su­wuň aşa­gyn­da ma­za­ly ýuw­ma­ly.
Eli­ňi­zi ýu­wa­ny­ňyz­dan soň ba­da-bat gu­rat­ma­gy ýat­dan çy­kar­maň.

Nä­çe wagt­dan ýuw­ma­ly?
Eli­ňi­zi gü­nüň do­wa­myn­da ýy­gy-ýy­gy­dan ýuw­ma­ly. Esa­san hem, eli­ňi­ze ha­pa ýo­kan­da, na­har­dan öň we soň, ha­jat­ha­na­dan çy­ky­lan­dan soň, öý jan­dar­la­ry­ny el­läniňiz­den soň, jem­gy­ýet­çi­lik ulag­la­ryn­dan dü­şe­ni­ňiz­den soň hem-de üs­gü­ri­len­den ýa-da as­gy­ry­lan­dan soň eli­ňi­zi hök­ma­ny ýag­daý­da ýuw­ma­ly.

So­rag­lar we mas­la­hat­lar
Gyz­gyn suw­my ýa-da so­wuk suw?
So­wuk ýa-da gyz­gyn suw mik­rob­la­ry aýyr­mak­da deň de­re­je­de tä­sir ed­ýär. Gyz­gyn su­wuň mik­rob­la­ry aýyr­ýan­dy­gy ba­ra­da­ky pi­kir ýal­ňyş­dyr. Mik­rob­la­ry aýyr­mak üçin esasan sa­byn ulan­maly.
Eli gu­rat­mak mö­hüm­mi?
Mik­rob­lar çyg­ly de­ri­de aň­sat ýaý­ra­ýar. Şol se­bäp­li eli­ňi­zi ýu­wa­ny­ňyz­dan soň­ra gu­rat­ma­gy hök­man en­dik et­me­li. Mu­nuň üçin ka­gyz sü­pür­giç­le­ri, el­ýag­ly­gy ýa-da ma­ta sü­pür­giç­le­ri ula­nyp bi­ler­si­ňiz.
Sa­byn­my ýa-da zy­ýan­syz­lan­dy­ry­jy se­riş­de­ler?
Eli sa­byn bi­len ýuw­mak iň amat­ly­sy hem-de ýa­ram­ly­sy ha­sap­lan­ýar. Zy­ýan­syz­lan­dy­ry­jy se­riş­de­ler dog­ry ula­ny­lan­da, ýa­ram­ly hem-de howp­suz hasaplanýar. Gün­de­lik dur­muş­da eli aras­sa­la­mak üçin, esa­san, sa­byn ulan­ma­ly. Zy­ýan­syz­lan­dy­ry­jy se­riş­de­le­ri ulu­la­ryň gö­zeg­çi­li­gi as­tyn­da peý­da­lan­mak mas­la­hat be­ril­ýär.

Eli­ňi­zi ýu­wa­ny­ňyz­da su­wy tyg­şyt­ly ulan­ma­gy unut­maň!