15-nji sentýabrda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçisi A.Baýramow “The Nippon Foundation” gaznasynyň başlygy Ýohei Sasakawa bilen duşuşdy.
Duşuşykda taraplar ylym we bilim pudagynda türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň geljekki mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar.
Ilçi Türkmenistanyň bilim ulgamyny kämilleşdirmekde halkara tejribäniň ulanylmagyna aýratyn ähmiýet berýändigini hem-de Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda ylym-bilim babatda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýe bolup durýandygyny belledi. Türkmen ýaşlarynyň Ýaponiýada bilim almaklary, ýurdumyzyň birnäçe orta we ýokary okuw mekdeplerinde ýapon diliniň öwredilmegi, şeýle hem ylym-bilim wekilleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk muňa mysal bolup durýar.