Germaniýanyň “Bundesligasynda-da” 4-nji tapgyryň 1-nji duşuşygynda sanawyň öňdäki 2 topary duşuşdy. 2-nji ýerdäki “Bawariýa” öz meýdançasynda “Baýeri” kabul etdi. 7-nji minutda Harri Keýn täze toparyndaky 4-nji goluny geçirip, hasaby açdy. Bu gola lewerkuzenliler 24-nji minutda Grimaldonyň jerime urgusyndan geçiren owadan goly bilen jogap berdi. Oýnuň ahyrlarynda, has takygy, 86-njy minutda Goreska “Bawariýany” öňe geçirdi. Ýöne olaryň üstünligi uzak dowam etmedi. Duşuşygyň 90+4-nji minutynda eminiň bellän penalti urgusyny takyk uran Palasios “Baýeri” ýeňlişden halas etdi we oýun 2-2 deňlikde tamamlandy.
Bu deňlikden soň 2 toparyň hem utuklary 10-a ýetdi.