Transfere iň köp pul harçlan 10 çempionat

194

Ýaýlyma bermek hukugy, lissensiýaly önümler, stadiondan gelýän girdejiler ýaly ugurlaryň netijesinde ykdysady babatda dünýäniň iň baý ligasy hasaplanýan Angliýanyň “Premier Ligasy” tomusky transfer möwsüminde ýene-de liderligini saklamagy başardy. “Premier Liganyň” klublary 3 aýyň dowamynda transfere 2,81 milliard ýewro sarp etdi. Saud Arabystanynyň 18 kluby 955 million ýewro bilen 2-nji, fransuz klublary-da 898 million ýewro bilen 3-nji ýeri eýeledi. Italiýanyň çempionaty “Serie A”-nyň klublary 854, “Bundesliganyň” klublary 748, “La Liganyň” toparlary-da 439 million ýewrony transfere goýberdi.

1 “Premier League” Angliýa 2,81 milliard ýewro
2 “Saudi Pro Liga” S. Arabystany 955,87 million ýewro
3 “Ligue 1” Fransiýa 898,64 million ýewro
4 “Serie A” Italiýa 854,83 million ýewro
5 “Bundesliga” Germaniýa 748 million ýewro
6 “La Liga” Ispaniýa 440,85 million ýewro
7 “Eredivisie” Niderlandlar 230,75 million ýewro
8 “EFL Championship” Angliýa 213,16 million ýewro
9 “Primeira Liga” Portugaliýa 190,53 million ýewro
10 “Jupiler Pro Liga” Belgiýa 156,62 million ýewro