ABŞ-nyň ylmy-barlag kompaniýasy “Forrester”-iň bilermenleriniň çaklamalaryna görä, 2030-njy ýyla çenli emeli aň ABŞ-da 2,4 million iş ornuny eýelär, esasan hem, akyl zähmetiniň dürli görnüşleri bilen meşgullanýan edara işgärleri kyn ýagdaýda galarlar. Şol bir wagtyň özünde emeli aň 11 million iş ýerine belli bir derejede täsirini ýetirer. Şeýlelikde, generatiw emeli aň diňe şu onýyllygyň ahyryna çenli ABŞ-da 2 milliondan gowrak iş ornuny eýelär.
Umuman alanyňda, awtomatlaşdyryş we emeli aň ulgamlary 2030-njy ýyla çenli ABŞ-daky iş ýerleriniň 4,9%-ini eýeläp, şolaryň 30%-i emeli aňyň generatiw ulgamlary bolar. Eýýäm şu ýyl şeýle emeli aň, takmynan, 90 müň iş ornuny eýelär we bu ol ýa-da beýleki görnüşde awtomatlaşdyryş ulgamlary tarapyndan eýelenjek iş ýerleriniň 9,3%-ini emele getirer.
Bilermenler işgäriň bilim derejesi näçe ýokary bolsa, generatiw emeli aňyň onuň işine şonça köp täsir etjekdigini belleýärler. Aýlyklar babatynda hem şuňa meňzeş ýagdaýlary görmek bolar: ýyllyk gazanjy 60 müň dollardan az bolan işçilere ýylda 90 müň dollar ýa-da ondan hem köp gazanýanlara garanyňda, az zeper ýeter.