Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has hem ýokarlanmagy netijesinde aýdyň we nurana ýollarymyzda hususy we döwlet eýeçiligine degişli bolan dürli kysymly ulaglaryň hereketi yzygiderli artýar. Ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmekde, polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň işiniň döwrebap guralmagy oňyn netije berýär. Häzirki wagtda ýurdumyzyň şäherleriniň şaýollarynda we köçelerinde wideogözegçilik enjamlarynyň ornaşdyrylmagy, ýol-ulag hereketine gözegçilik etmek işini kämilleşdirmäge mümkinçilik berýär. Sanly ýolyşyklaryň we sowma ýollaryň gurulmagy çatryklarda ýol-ulag hadysalarynyň döremeginiň öňüni almakda uly ähmiýete eýedir. Şäherlerimiziň köçelerinde we şaýollarynda ýerasty geçelgeleriň ençemesi guruldy. Bu geçelgeler ilatyň ýollardan howpsuz geçmegine giň mümkinçilikleri döretdi.
Hormatly Arkadagymyz, Arkadagly Serdarymyz ýurdumyzda ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmekde anyk wezipeleri öňde goýýar. Bu wezipelere laýyklykda hormatly Prezidentimiz adamlaryň, aýratynda, çagalaryň we ýetginjekleriň arasynda ýol hereketiniň howpsuzlygy barada düşündiriş işlerini geçirmek, hereket howpsuzlygynyň düzgünlerine düşünjeli garaýşy terbiýelemek örän möhüm wezipe bolmagynda galýar diýip, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almaga gönükdirilen ähmiýetli çäreleri yzygiderli geçirip durmagyň möhümdigini nygtaýar.
Hereket howpsuzlygyny üpjün etmäge we ilatyň saglygyny goramaga gönükdirilen bu çäreleriň hemmesi ýollarda howpsuz şertleri döretmegi hil taýdan täze derejä çykarmakda we ýol hereketini sazlaşykly guramakda möhüm ähmiýete eýedir. Ýurdumyzda hem ulag hereketiniň artýandygyny nazara almak bilen, degişli işleri guramak meselelerine döwrebap serişdeleriň we usullaryň esasynda çemeleşilýär. Munuň özi ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça milli Liderimiziň we Prezidentimiziň tagallasy bilen amala aşyrylýan işleriň aýdyň miwesidir.
Ýol hereketine gatnaşyjylaryň hemmesiniň ünsli, seresaply bolmagy örän wajypdyr.
Ýoluňyz ak bolsun!
Annamuhammet Hümmedow, Mary welaýatynyň Baýramaly etrap polisiýa bölümiň PÝWB-niň oba ýerinde ýerli wekili polisiýanyň kapitany.