Pa­kis­tan­da umu­my saý­law­lar 2024-nji ýy­lyň ýan­war aýy­nyň soň­ky hep­de­sin­de ge­çi­ri­ler. Bu ba­ra­da ýur­duň Saý­law to­pa­ry (ECP) 21-nji sent­ýabr­da ha­bar ber­di.
Mag­lu­mat­la­ry­na gö­rä, ok­rug­la­ry kes­git­le­mek bo­ýun­ça soň­ky sa­naw­lar bu ugur­da bo­lup bil­jek gar­şy­lyk­la­ry we tek­lip­le­ri göz­den ge­çi­ri­len­den soň 30-njy no­ýabr­da çap edi­ler.
“Dawn” ga­ze­ti­niň bel­leý­şi ýa­ly, saý­law to­pa­ry, 2023-nji ýyl­da­ky soň­ky san­ly ilat ýa­zu­wy ba­ra­da­ky be­ýa­na­tyn­dan soň, saý­law ok­rug­la­ry­nyň tä­ze bö­lün­me­gi­niň ze­rur­dy­gy­na sal­gy­la­nyp, şu ýyl umu­my saý­law ge­çir­me­gi ma­kul bil­män­di.
Mil­li mej­lis (par­la­men­tiň aşa­ky pa­la­ta­sy) 9-njy aw­gust­da Pre­zi­dent Arif Al­wi ta­ra­pyn­dan iş­den gid­ýän Prem­ýer-mi­nistr Şah­baz Şe­ri­fiň ibe­ren ha­bar­na­ma­sy­ny tas­syk­lan­dan soň dar­ga­dyl­dy. We­zi­pe­sin­den çe­kil­ýän Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­tiň ag­za­la­ry­nyň ýe­ri­ne bol­sa, tä­ze­si dö­re­dil­me­li.
12-nji aw­gust­da Bu­lu­jys­tan we­la­ýa­tyn­dan se­na­to­ry An­wa­ar-ul-Hak Ka­kar Pa­kis­ta­nyň Prem­ýer-mi­nist­ri we­zi­pe­si­ne bel­len­di. Ony bel­le­mek ka­ra­ry Şe­rif bi­len op­po­zi­si­ýa li­de­ri Ra­ja Ria­zyň ara­syn­da ge­çi­ri­len mas­la­hat­lar­dan soň ka­bul edil­di.
Mej­li­siň aşa­ky pa­la­ta­sy­nyň bäş ýyl­lyk möh­le­ti 12-nji aw­gust­da ta­mam­lan­ma­ly­dy. Pa­kis­ta­nyň Kons­ti­tu­si­ýa­sy­na la­ýyk­lyk­da umu­my saý­law­lar aşa­ky pa­la­ta­nyň dar­ga­dyl­ma­gyn­dan 60 gü­nüň için­de, möh­le­tin­den öň dar­ga­dy­lan ha­la­tyn­da – 90 gü­nüň için­de ge­çi­ril­ýär.