Daşary ýurt walýutasyna Ermenistandan, Hytaýdan, Türkiýeden, Owganystandan, Özbegistandan, BAE-den we Gyrgyz Respublikasyndan gelen telekeçiler «Türkmenhimiýa» döwlet konserninde öndürilen tehniki ýody, «Türkmennebit» döwlet konserninde öndürilen polipropileni satyn aldylar. Şeýle-de dürli görnüşli dokma önümleri satyldy. Geleşikleriň jemi bahasy 8 million 26 müň 800 amerikan dollaryndan gowrak boldy. Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 2 million 880 müň manatlyk polipropileni satyn aldylar.
PDF








