1973-nji ýy­lyň 26-njy sent­ýab­ryn­da dün­ýä­niň şow­ly ne­ti­je be­ren ses­den çalt gid­ýän il­kin­ji ýo­lag­çy uça­ry bo­lan “Concor­de” At­lan­tik um­ma­ny­ny düş­le­mez­den ke­sip geç­di. Fran­suz-bri­tan hyz­mat­daş­ly­gy­nyň ne­ti­je­sin­de dö­re­di­len ho­wa gä­mi­si Fran­si­ýa­nyň “Sud Avia­ti­on” (soň ady “Aéros­pa­tia­le” diý­lip üýt­ge­dil­di) hem-de Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­nyň “Bri­tish Aircraft Cor­po­ra­ti­on” (BAC) kom­pa­ni­ýa­la­ry ta­ra­pyn­dan iş­le­nip taý­ýar­lan­dy we ön­dü­ril­di. Tas­la­ma­nyň dur­mu­şa ge­çir­mek üçin il­kin­ji sy­na­ny­şyk­lar 1954-nji ýyl­da baş­lan­dy. 1962-nji ýy­lyň 29-njy no­ýab­ryn­da Fran­si­ýa bi­len Be­ýik Bri­ta­ni­ýa umu­my ba­ha­sy şol dö­wür 70 mil­li­on funt ster­ling (2021-nji ýyl­da­ky hüm­met bi­len 1,39 mil­liard funt ster­ling) bo­lan yla­la­şy­ga gol çe­kil­di. 1965-nji ýyl­da nus­ga­lyk gör­nüş­dä­ki al­ty uça­ryň gur­lu­şy­gy­na baş­lan­ýar. 1969-njy ýy­lyp 2-nji mar­tyn­da Fran­si­ýa­nyň Tu­lu­za şä­he­rin­de uça­ryň il­kin­ji uçu­şy ama­la aşy­ryl­ýar. Ön­dü­ri­ji­ler ses­den çalt gid­ýän uçar ba­za­ry­nyň 350 bir­lik bol­jak­dy­gy­ny çak­la­ýar­dy­lar. Dün­ýä­niň iri awia­kom­pa­ni­ýa­la­ry bu uçar­dan 100 sa­ny­sy­ny sar­gyt et­di­ler.
Ne­ti­je­de, 92-128 ýo­lag­çy orun­lyk 20 uçar (al­ty­sy tä­jir­çi­lik mak­sat­ly bol­ma­dyk) ön­dü­ril­ýär. 2000-nji ýyl­da “Concor­de” uça­ry­nyň he­läk­çi­li­ge uç­ra­ma­gy bi­len aşa ýo­ka­ry tiz­lik­li bu ho­wa gä­mi­le­ri­niň gat­na­wy bes edil­ýär.