1968-nji ýylyň 30-njy sentýabrynda “Boeing 747” ýolagçy uçarynyň ilkinji nusgasy köpçülige görkezildi. Şol döwürde uçar ýolagçylarynyň sanynyň artmagy bilen has uly uçarlara bolan zerurlygyň netijesinde işleni taýýarlanýar. Iň uzak wagtlap öndürilen uçarlaryň biri bolan “Boeing 747” dört hereketlendirijili, iki gatly we iki koridorly bolmagy bilen tapawutlandy. Kompaniýa soňky ýyllarda howa gämisiniň has köp modelini öndürdi. Uzynlygy 76 metre ýetýän 747-8 modeli häzirki wagtda dünýäniň iň uzyn ýolagçy uçary bolmagynda galýar. Kompaniýanyň inženerleri şol döwür sesden çalt uçýan uçarlara bolan gyzyklanmanyň artmagy bilen bu uçaryň wagtyň geçmegi bilen ulanyşdan galjakdygyny çaklaýarlar. Şol sebäpli, ýolagçy uçarlaryny ýük uçaryna öwürmek amatly bolar ýaly “burny” açylyp, uly ýükler sygar ýaly edip işläp taýýarlaýarlar. Bu uçar ýangyjy tygşytly sarp etmegi, düşlemezden has uzak aralyga gidip bilmegi we has köp ýolagçy sygymy sebäpli uçar gatnawynyň bahasyny görnetin azaldyp, orta gatlakdaky adamlar üçin elýeterli etmäge mümkinçilik berýär. “Boeing 747”-ler 2006-njy ýylda “Airbus A380” uçary öndürilýänçä dünýäniň iň uly ýolagçy uçary rekordyny elinde saklaýar. Uçaryň ilkinji täjirçilik maksatly uçuşy Nýu-Ýorkdan Londona 20 ekipaž hem-de 350 ýolagçy bilen 1970-nji ýylyň 22-nji ýanwarynda “Pan American Airways” awiakomponiýasy tarapyndan amala aşyrylýar.