Gyr­gyz Res­pub­li­ka­sy­nyň hä­ki­mi­ýet­le­ri ýur­duň mil­li baý­da­gy­nyň na­gy­şy­ny üýt­get­mek müm­kin­çi­li­gi ba­ra­da­ky me­se­lä ga­ra­ma­gy me­ýil­leş­dir­ýär­ler. Biş­kek­de ýur­duň par­la­men­tin­de ge­çi­ri­len mas­la­hat­da çy­kyş eden de­pu­tat Ulan Pri­mow bu baş­lan­gy­jy or­ta at­dy.
-Baý­dak­da şe­kil­len­di­ri­len Gün şöh­le­le­ri­niň gö­ni bol­ma­gy üçin şöh­le­le­riň gör­nü­şi­ni üýt­get­me­gi tek­lip ed­ýä­rin – di­ýip, ol bel­le­di.
Pri­mo­wyň baş­lan­gy­jy­ny par­la­men­tiň baş­ly­gy Nur­lan­bek Şa­ki­ýew ma­kul­la­dy. Gyr­gy­zys­ta­nyň Ýo­ka­ry ge­ňe­şi­niň eda­ra­syn­da bel­le­ni­li­şi ýa­ly hä­zir­ki wagt­da de­giş­li ka­nun tas­la­ma­sy bo­ýun­ça iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar, bu ka­nun iň ýo­ka­ry ka­nun çy­ka­ry­jy eda­ra­nyň ga­ra­ma­gy­na hö­dür­len­mez­den ozal köp­çü­lik bi­len ge­ňe­şi­ler.
Gyr­gy­zys­ta­nyň mil­li baý­da­gy gy­zyl gö­nü­burç şe­kil­li baý­dak­dyr. Onuň mer­ke­zin­de sa­ry “tun­duk” (tüý­nük) Gün gör­nü­şin­de şe­kil­len­di­ri­lip, on­dan tol­kun gör­nüş­li 40 şöh­le tö­we­re­gi­ne ýal­kym saç­ýar.
Gyr­gy­zys­ta­nyň baý­da­gy­nyň hä­zir­ki nus­ga­sy 1992-nji ýy­lyň mart aýyn­da ge­çi­ri­len par­la­men­tiň mas­la­ha­tyn­da res­mi taý­dan tas­syk­la­nyp, şon­dan bä­ri ony ça­lyş­ma­gyň ze­rur­ly­gy ba­ra­da me­se­le goz­gal­man­dy.