Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň goldawy bilen her ýyl guraýan talyp olimpiadalaryna gatnaşjaklary hasaba alyp başlady.
Bu ýokary okuw mekdebi Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary üçin birbada alty sany mowzuk olimpiadasyny guraýar. Isleg bildirýänler bir ýa-da birnäçe olimpiada gatnaşmak üçin ýüz tutup bilerler. Her ýokary okuw mekdebinden ýüz tutýanlaryň sany çäklendirilmeýär.
Olimpiada gatnaşjaklar guramaçy okuw mekdebiniň resmi saýtynda bellige alynýar.
Şu ýylyň 20–25-nji noýabry aralygynda onlaýn tertipde aşakdaky ugurlar boýunça birnäçe bilim ýaryşy geçiriler: ykdysadyýet, pelsepe, häzirki zaman türkmen jemgyýeti, ýöriteleşdirilen iňlis, hytaý we italýan dilleri.
Alty olimpiada, degişlilikde alty günüň dowamynda gezekleşdirilip geçiriler. Her mowzuk bäsleşigi 1 tapgyrdan ybarat bolar. Olimpiadalaryň resmi dilleri türkmen we iňlis dilidir. Olimpiadanyň ugruna baglylykda, oňa gatnaşýanlar bir topara birleşerler. Şeýle hem iki ýa-da üç kategoriýa bölünerler. Mysal üçin, häzirki zaman türkmen jemgyýeti boýunça olimpiada gatnaşýanlar umumy toparda çykyş ederler. Ýöriteleşdirilen iňlis dili boýunça olimpiada okuw jaýlarynda öwrenýän ugurlaryna laýyklykda gatnaşýanlary üç kategoriýa böler: birinji topara tehniki ugurlaryň talyplary, ikinji topara ynsanperwer ylymlaryň talyplary, üçünji topara bolsa ykdysadyýet we dolandyryş ugrundan okaýanlar girer. Hytaý dili boýunça olimpiada gatnaşýanlar şu ugurda ýörite bilim alýanlar we hytaý dili esasy hünäri bolmadyklar diýen iki topara bölüner.
Goşmaça maglumat üçin iuhdolympiads@gmail.com elektron salgysy boýunça guramaçylara ýüz tutup bilersiňiz.
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti olimpiadalaryň güýz marafonyny 2020-nji ýyldan bäri her ýyl geçirýär. Öwrenilmegi milli bilim ulgamynda uly ähmiýete eýe bolan daşary ýurt dilleri boýunça olimpiadalary geçirmäge aýratyn üns berilýär. Türkmenistanda bilimiň ähli derejelerinde öwrenilýän daşary ýurt dilleriniň sany artýar, olary okatmagyň usullary kämilleşdirilýär, öňdebaryjy dünýä tejribesi we amalyýeti işjeň öwrenilýär, şeýle hem okadyş işine häzirki zaman standartlary girizilýär.
Olimpiadalar ýaşlaryň daşary ýurt dillerini we beýleki deň derejede möhüm dersleri öwrenmäge bolan gyzyklanmasyny höweslendirmäge we ösdürmäge, iň başarnykly hem zehinli ýaşlary kesgitlemäge, talyplaryň ylmy hem döredijilik işjeňligini höweslendirmäge gönükdirilendir.