30-njy sentýabrda Slowakiýada geçirilen nobatdan daşary parlament saýlawlarynda öňki Premýer-ministr Robert Fisonyň “Sosial demokratiýa ýoly” partiýasy sesleriň 100 göterime golaýy sanalandan soň 22,94 göterim ses bilen ýeňiş gazandy.
Sesleriň sany boýunça ikinji orny 17,96 göterim gazanyp, “Progressiw Slowakiýa” partiýasy, üçünji orny 14,70 göterim ses bilen Sosial-demokratik partiýasy “Ses” eýe boldy.
Parlament saýlawlaryna 25 syýasy bileleşige gatnaşmaga rugsat berildi: 24 partiýa we bir koalisiýa. Parlamente girmek üçin partiýalar azyndan bir göterim ses almaly, koalisiýalar bolsa, azyndan ýedi göterim ses almaly.