Häzirki wagtda köp ýurtda elektroulag satuwy adaty ýangyçly ulaglardan öňe geçip başlady. Bu ugurda “Tesla”, MG we BYD ýaly belli brendler öňdeligi eýeleýär. “JATO Dynamics” kompaniýasynyň maglumatlaryna görä, şu ýylyň aprelinde Ýewropada satylan elektroulaglaryň 22 göterimi elektroulag bolupdyr. Munda “Tesla” ulaglarynyň paýynyň uludygy bellenilýär. Kompaniýa awgust aýynda diňe Ýewropada 33 müň 809 ulag satypdyr. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwründäkiden 240 göterim ýokary. Germaniýada zawody bolan kompaniýanyň, esasan, “Model Y” we “Model 3” kysymly ulaglary satylypdyr. “Model Y” kysymly ulagyň 169 müňden gowragy satylyp, sebitde iň satylan model bolupdyr. Iňlis-hytaý bilelikdäki kompaniýasy bolan MG kompaniýasynyň satuwy hem şu ýyl görnetin ýokarlanypdyr. Awgustda MG kompaniýasy 14 müň 900 ulag satyp, olaryň 59 göterimini elektroulaglar emele getiripdir. Şeýlelikde, bu kompaniýa “Audi”, “Skoda” we “Peugeot” ýaly brendlerden öňe geçipdir.