Milli mirasymyza sarpa goýmak diýmek, biziň taryhymyza, geçmişimize, ata-babalarymyzdan gaýdýan ýol-ýörelgelerimize, edim-gylymlarymyza, däp-dessurlarymyza sarpa goýmak diýmekdir. Ene-mamalarymyzyň ýiti zehininden dörän, gadymy el hünäri bolan haly, palas, keçe ýaly önümlerimiz hem milli mirasymyzyň aýrylmaz bir bölegidir. Gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan milli mirasymyzy öwrenmek, ony geljekki nesillerimize ýetirmek üçin mähriban Arkadagymyz ähli mümkinçilikleri döredip berdi. Türkmeniň milli mirasy bu günki gün dünýä ýaýylýar. Kitaphanamyzda bar bolan edebiýatlarda berilýän maglumatlara salgylanyp, enelerimiziň, mamalarymyzyň ýiti zehininden dörän, halylarymyz bilen birlikde, öýümiziň törüniň bezegi hasaplanýan keçe baradaky maglumatlary okyjylarymyzyň dykgatyna ýetirmegi makul bildim.
Keçe – türkmen halkynyň gadymy el hünärleriniň biridir. Keçe basmak üçin ilkinji nobatda ýüňüni taýýarlamaly. Onuň üçin güýz ýüňi has amatly hasaplanylýar. Eger-de güýz ýüňi ýetmezçilik eden ýerinde ýaz ýüňüni garyşdyryp hem keçe taýýarlap bolýar. Keçe üçin saýlanan ýüňler ilki bilen ýuwlup guradylýar, soňra boýalýar. Boýalan ýüňler gurandan soň, tüýdüp-darap, sümeklik pişge taýýarlanylýar. Keçäniň gülüni çyzjak pişgeleriňi inçeräkden sozsaň, keçe has hem göze gelüwli bolýar. Güllük sümekler taýyn bolandan soň beýleki ýüňleri ýagny, gülüň üstünden ýazmak üçin ak ýüňi, aralyga ýazmak üçin aralyk ýüňi, keçäniň arkasyna ýazmak üçin arkalyk ýüňi, keçäniň gyragarasy üçin has gara ýüň saýlanylyp alynýar. Soňra şol saýlanan ýüňler saýgylanylyp, taýýar edilip goýulýar. Ondan soň keçelik gamyş ýere ýazylyp, hälki çekilen sümekler arkaly keçäniň nagyşlary çyzylýar.
Keçe salnyş tärleri welaýatlarymyzyň hemmesinde diýen ýaly birmeňzeş bolsa-da, olaryň dürli nagyşlar bilen güllenilişi biri-birinden tapawutlanýar. Mysal üçin, Ahal sebitlerinde keçeleriň gyrasyny “saýlan” nagşy, mundan başga-da, “goçak, Käbe ýoly, gapyrga, gelinbarmak, pyntyk, jümjüme” ýaly dürli-dürli nagyşlar bilen bezeýärler. Güllemek işi tamamlanandan soň, gamyş düýrlenilip, soňuna çenli düýrlenilýänçä gaýnag suw sepilýär. Soňra düýrlenen keçe diklenende bir gezek, keseligine hem üç ýerinden pugta daňylýar, üstüne hem suw sepilýär. Soň keçäni çekmek işine başlanylýar. Keçäni çekmek, togalamak işi tamamlanandan soň keçe basylýar ýa-da bileklenilýär. Keçe basylýan pursatlarynda keçäniň her ujuny gezekleşdirip öwrüp durulýar, gyralary tekiz bolar ýaly gamşyň aşagyndan iki taraplaýyn daş ýa-da başga bir gatyrak zat goýulýar. Şeýdip, keçe ilki boýuna, soňra inine basylýar. Keçäniň berkligi, gözelligi onuň keçe bolýança köp wagtlap bileklenilendiginden habar berýär. Has takygy, güýz ýüňünden edilen keçe iki sagat basylanda boýunyň-da, ininiň-de girintgisini doly alýar.
Keçeler islege görä, dürli ölçeglerde, dürli görnüşlerde bolup biler. Olar diňe bir düşek hökmünde ulanylman, ak öýlerimizde hem dürli maksatlar üçin ulanylypdyr, ýagny, “durluk” gara öýüň täriminiň daşyna aýlamak üçin ulanylan bolsa, “üzük“ak öýüň uklarynyň üstüni örtmek üçin ulanylypdyr, şeýle-de keçedir keçe önümleri çarwalarymyzdyr maldarlarymyzyň durmuşynda hem giňden peýdalanylypdyr.
Pederlerimiziň synag eleginden geçip, “Suwa ursaň sozulmaz, daşa ursaň döwülmez“, ýa-da “Keçe göwünli gelnim bolsun” diýen ýaly matallardyr yrym-ynançlaryň döremegi hem keçelerimiziň berkliginden, dözümliliginden, şeýle hem ene-mamalarymyzyň keçelerimizi adam üçin peýdaly sungat hökmünde sarpalandyklaryndan, onuň türkmeniň durmuşyna çuňdan ornaşandygyndan habar berýär. Bu ajaýyp sungat biziň şu günki günlerimizde hem özüniň ähmiýetini ýitirenok. Milli mirasymyzyň bu görnüşiniň çeper elli gelin-gyzlarymyz tarapyndan dowam etdirilmegi-de, ýurdumyzda häzirki zaman tehnikalary bilen enjamlaşdyrylan ýüňi arassalaýan, ýuwýan, guradýan, ýüňi ýokary hilli işleýän fabrikleriň gurulmagy-da, bu milli sungatymyzy wagyz etmek maksady bilen bolsa, ýurdumyzda her ýylda döwlet derejesinde bäsleşikleriň geçirilip, sergileriň guralmagy-da, keçelerimize öýüň-ojagyň abadanlygynyň, ýylylygynyň, mizemezliginiň nyşany hökmünde garalmagy-da biziň keçe basmak ýaly sungatymyza döwlet derejesinde goýulýan hormatdan, sarpadan nyşandyr.
Gül ýüzli goşma keçelerimiz täze öýe, ýaş çatynjalara, gadyrly myhmanlara, dünýä täze inen bäbejige, doglan günlere gymmatly hem ajaýyp sowgat hökmünde berilýär. Keçeler ynsanlara, öý-ojaklarymyza ýylylyk paýlaýanlygy, lukmançylyk nukdaýnazaryndan alanyňda bolsa, bogunlardaky agyryny aýyrýanlygy, ýüňüň adamyň gan basyşyna oňaýly täsir edýänligi bilen hem, çölde çopanlary möýdür ýylandan goraýanlygy bilen hem gymmatlydyr.
Goý, milli mirasymyzy öwrenmekde, ony geljekki nesillerimize ýetirmekde, dünýä ýaýmakda bize görüm-görelde mekdebi bolup durýan Arkadag Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, belent tutumly işleri hemişe rowaç bolsun!
Ogultagan Orazgulyýewa,
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet
merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň işgäri.