Her bir geçen gün bizi berkarar döwletimiziň taryhynda uly yz galdyrjak Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça gözel paýtagtymyzda geçiriljek V Aziýa oýunlaryna barha ýakynlaşdyrýar. Şu şanly waka mynasybetli planetamyzda şeýle uly ýaryşlaryň taryhy döwürlerde geçirilişi baradaky taryhy maglumatlara ser salmak gyzykly bolsa gerek.
Uzak geçmişde Olimpiýa oýunlary ilki biziň eýýamymyzdan öňki XIII asyrda gadymy Gresiýada ýüze çykypdyr. Bu oýunlar dört ýyldan bir gezek Gresiýadaky Alfeý derýasynyň kenarynda ýerleşýän Olimpiýa diýen ýerde geçirilipdir.
Oýunlar başlamazdan birnäçe aý öň, Gresiýanyň şäherlerinde we obalarynda oýna gatnaşmaklyk barada çakylyk yglan edilipdir. Oýna gatnaşmak isleýänler ilki uly synaglardan geçirilipdir. Sebäbi ýurt boýunça geçirilýän bu ýaryşlar örän ussatlygy we sagdynlygy talap edipdir. Olimpiýa oýunlary, esasan, tomusda ýa-da güýzde geçirilipdir we bir hepde dowam edipdir. Oýunlar ylgaýjylaryň, ýagny ýeňil atletikaçylaryň ýaryşlary bilen açylypdyr, soňra gimnastikaçylar, pälwanlar we uzaklyga böküjiler güýç synanyşypdyrlar.
Taryhy maglumatlara görä, ilkinji Olimpiýa oýunlary resmi taýdan gadymy Gresiýada biziň eýýamymyzdan öňki 776-njy ýylda geçirilipdir. Biziň eýýamymyzda, ýagny 393-nji ýylda bolsa, iň soňky Olimpiýa ýaryşlary geçirilipdir. Gresiýanyň şol wagtky imperatory Feodosiýanyň buýrugy bilen Olimpiýa oýunlaryny geçirmek gadagan edilipdir. Olimpiýa oýunlary halkara bäsleşik hökmünde fiziki terbiýäniň meseleleri boýunça Halkara kongresiniň karary esasynda, XIX asyryň ahyrynda dikeldilýär. Olimpiýa oýunlaryny gaýtadan dikeltmek pikirini orta atan fransuz pedagogy we jemgyýetçilik işgäri Pýer De Kubertendir. Şeýlelikde, 1896-njy ýylda Gresiýanyň Olimpiýa şäherinde 1-nji Olimpiýa oýunlary geçirilýär. 1900-nji ýylda geçirilen Olimpiýa oýunlaryna zenanlar hem gatnaşyp başlaýarlar. Olimpiýa oýunlarynyň taryhynda ilkinji ýeňiji bolan zenan iňlis tennisçisi Ş.Kuperdir. Meksikaly türgen gyz E.Soutela bolsa, Mehikoda geçirilen XIX Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasynda ilkinji bolup, Olimpiýa oduny ýakan zenandyr.
Olimpiýa oýunlaryny geçirmeklik diňe bir güýçli türgenleri ýüze çykarmak bilen çäklenmän, eýsem, ähli halklary, türgenleri dostlaşdyrýar, doganlaşdyrýar, ýakynlaşdyrýar.
Gahryman Arkadagymyzyň teklibi bilen Aşgabat 2017-niň ýaryşlarynyň düzümine türkmen milli göreşi, atçylyk sportunyň (konkur) girizilmegi bagtyýar raýatlarymyzda uly buýsanç döretdi. Sebäbi pähimdar ata-babalarymyz iňňän gadymy döwürlerden bäri atçylyk bilen meşgullanyp gelipdirler. Olar bedew atlary özleriniň iň ýakyn kömekçileri, syrdaşy hasaplapdyrlar. Bedewlere şol döwrüň şalary we serkerdeleri hem uly hormat goýupdyrlar. Bedewler batyr, edermen, goç ýigitleriň iň ýakyn syrdaşlary bolupdyr. Muňa Göroglynyň Gyraty, Aleksandr Makedonskiniň Busefal (Bugahal) ahalteke bedewi, hezreti Alynyň Düldüli mysal bolup biler.
Eýesini gaçsa gutaran, kowsa ýetiren bedewleri ýaryşa goşmak, olaryň ýyndamlygyna tomaşa etmek gadymy döwürlerde ýüze çykypdyr. Gözellikde, ýyndamlykda deňi-taýy bolmadyk ahalteke bedewleri hem örän irki zamanlardan bäri uly meşhurlyga eýe bolupdyr. Giň sähralyklarda agaýana erkin gezen bedewleri ilkinji eldekileşdiren, bäş müň ýyllyk taryhy bolan türkmen halkymyzdyr. Oguz han türkmeniň, onuň alty oglunyň öz ömürlerini şol behişdi bedewlere baglandygyny taryhy çeşmeler aýan edýär. Görogly beg türkmeniň Gyratynyň seýislenişi hem, eýýäm şol döwürlerden türkmeniň seýisçilikde uly tejribe toplandygyny görkezýär. Häzirki günlere çenli uly tejribe toplap, kämilleşen atçylyk sporty Olimpiýa oýunlarynyň düzümine girizildi. 1960-njy ýylda Italiýada geçirilen Olimpiýa oýunlarynda ahalteke bedewi Absent ýaryşyň altyn medalyna mynasyp boldy.
Gahryman Arkadagymyzyň ahalteke atlaryna bolan söýgüsini we buýsanjyny beýan edip, “Ahalteke bedewi – biziň buýsanjymyz we şöhratymyz” atly kitabyny ýazmagy atçylyk sungatynyň taryhyna giren uly taryhy waka boldy. Döwlet Baştutanymyzyň ýürek mährine eýlenen bu kitap dokuz bölümden ybarat bolup, boýdan-başa ahalteke bedewine bagyşlanýar. Bu ajaýyp kitapda şeýle setirler bar: “Biziň eýýamymyzdan ozalky V asyrda ýaşap geçen grek taryhçysy Gerodot şeýle ýazypdyr: “Gündogarda ajaýyp atlar gezýän Nusaý atly ägirt uly giňişlik bar. Nusaý atlary öz gözelligi bilen tapawutlanýar. Bu bedewler kuwwatly şalara mynasyp. Olar buýsançly başlaryny belent tutýarlar, olaryň ýallary howada öwşün atýar”.
Biz Aşgabat 2017-de at çapmakda uly tejribe toplan çapyksuwarlarymyzyň ilkinji orunlary eýeläp, merdana halkymyzy begendirjekdiklerine berk ynanýarys!
Göwher Goçyýewa,
Akdepe etrabyndaky 2-nji orta mekdebiň mugallymy.