Dubaýda Ginnesiň rekordy täzelendi – şol ýerde çuňňur täsir galdyrýan iň uly interaktiw yşyk şüweleňi açyldy. Bu ýerdäki degre-daşyňy gurşap alýan dürli öwüşginler sanly şekiller bilen baýlaşdyrylan funksiýalara eýe bolan planşetiň kömegi bilen gazanylýar. Bu ýere gelýänleriň özi täsin gurşawy döredip, 360 dereje lazer proýeksiýasyny düzüp bilerler.
-Biz bu ýerde hemme zadyň nähili işleýändigini barladyk. Bu ýerde myhmanlar hakykatdan hem gümmez bilen aragatnaşygy ýola goýup dürli öwüşginleri döredip bilerler. Eýýäm ýanwar aýynda her kim öz telefony arkaly proýeksiýany dolandyryp biler – diýip, taslamanyň ýerine ýetiriji döredijilik müdiri Amna Abulhul gürrüň berdi.
Bu gümmez dürli konsertleri we dürli çykyşlary guramak maksady bilen döredilipdir. Onuň “Al Wasl” ady arap dilinden terjime edilende “baglanyşyk” diýen manyny berýär. Ölçegi – 24 müň inedördül metrden gowrak bolan desga ähli tarapdan duýgur displeý bilen enjamlaşdyrylandyr. Ginnesiň rekordlar kitabynyň resmi emini Alwalid Osman desganyň binagärlik taýdan ajaýypdygyny, ony synap görenler üçin aýratyn özüne çekijidigini belläp geçdi.