8 — 11-nji oktýabry aralygynda Azerbaýjan Respublikasynyň paýtagty Bakuda «Gorkut ata» türki dünýäsiniň III kinofestiwaly geçirilýär. Baku şäherindäki Geýdar Aliýew merkezinde bolsa «Şuşa – türki dünýäsiniň medeni paýtagty» ýylynyň çäklerinde kinofestiwalyň açylyş dabarasy geçirildi.
Türki dünýäsiniň nobatdaky kinofestiwalyna Azerbaýjanyň, Türkiýäniň, Türkmenistanyň, Özbegistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Tatarystanyň, şeýle hem Gagauz, Saha-Ýakutiýa, Dagestan, Kabardino-Balkariýa, Karaçaýewo-Çerkesiýa, Tuwa we Başkortystan ýaly Russiýanyň birnäçe sebitlerinden, 32 sany çeper, dokumental hem-de animasiýa filmleri hödürlendi.
Azerbaýjanyň resmi habarlar saýtynyň habar bermegine görä, bu ýurtlaryň filmleri 9-11-nji oktýabr aralygynda «Nizami» kinokonsert zalynda görkeziler.
Azerbaýjanyň Medeniýet ministrligi, Geýdar Aliýew merkezi, TÜRKSOÝ, Azerbaýjanyň Kino agentligi we Baku media merkeziniň gurnamagynda geçirilýän kinofestiwalda emin agzalaryň hatarynda türkmen kinorežissýorlarynyň hem bardygyny bellemek gerek.
Festiwalyň açylyş dabarasynda çykyş eden Azerbaýjanyň medeniýet ministriniň orunbasary Farid Jafarow bu festiwalyň maksadynyň türki dünýäsiniň arasynda medeni hyzmatdaşlygy ösdürmekden ybaratdygyny belledi.
Belläp geçsek, «Gorkut ata» türki dünýäsiniň kinofestiwaly 2021-nji ýyldan bäri geçirilýär. Festiwal ilkinji gezek Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherinde geçirilipdi. 2022-nji ýylda bolsa bu festiwal Bursa şäherinde geçirilipdi.