Ispaniýanyň “Real Madrid” toparynyň esasy düzüminiň oýunçylaryna hem-de tälimçisine Germaniýanyň meşhur awtomobil brendi BMW özüniň täze elektroulaglaryny sowgat berdi. Ulaglarynyň alyp surata düşenleriň arasynda Karlo Ançelotti, şeýle-de futbolçylardan Bellingam, Kamawinga, Kroos, Güler, Winisius Junior dagy bar.

Kompaniýa topar bilen hemaýatkärlik şertnamasynyň çäginde futbolçylara berlen ulaglaryň arasynda “BMW i4 M50”, täze görnüşli “BMW i4 eDrive35”, “BMW XM”, “BMW iX M60”, “BMW IX xDrive50” görnüşli kysymlary bar. Ulaglaryň bahalary-da 100-150 müň ýewro aralygyndaky elektroulaglardygy mälim edildi.