BMG Baş As­samb­le­ýa­sy 2011-nji ýy­lyň de­kab­ryn­da gyz ça­ga­la­ryň hu­kuk­la­ry­ny yk­rar et­mek üçin Gyz ça­ga­la­ryň hal­ka­ra gü­nü­ni (In­ter­na­tio­nal Day of the Girl Child) yg­lan et­di. Şeý­le­lik­de gyz­la­ryň gü­ni il­kin­ji ge­zek 2012-nji ýy­lyň 11-nji okt­ýab­ryn­da bel­le­nil­di. Bu se­ne­de her ýyl dür­li te­ma­la­ra ba­gyş­la­nyp çä­re­ler ge­çi­ril­ýär. Şu ýyl­ky şy­gar hök­mün­de “Gyz­la­ryň hu­kuk­la­ry­na ma­ýa goý­mak: bi­ziň li­der­li­gi­miz, bi­ziň aba­dan­çy­ly­gy­myz” söz­le­ri saý­la­nyp alyn­dy.
Bu se­nä­niň dö­re­dil­me­gi­niň mak­sa­dy, dün­ýä­dä­ki gyz­la­ryň ýüz­be-ýüz bol­ýan kyn­çy­lyk­la­ry­ny çöz­me­giň we gyz­la­ryň yg­ty­ýar­lyk­la­ry­ny ýo­kar­lan­dyr­ma­gy we hu­kuk­la­ry­nyň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi­ni hö­wes­len­dir­mek me­se­le­si­ne ün­si jem­le­ýär. Mek­de­be çen­li we mek­dep ýa­şyn­da­ky gyz­la­ryň di­ňe bir mö­hüm ösüş döw­rün­de däl, eý­sem kä­mil­lik ýa­şy­na ýe­ten­den we dur­muş gu­ra­nyn­dan soň hem bi­lim al­ma­ga we sag­lyk hyz­mat­la­ryn­dan peý­da­lan­ma­ga hu­ku­gy bar.