2022-nji ýylda Günorta Afrika Respublikasynyň ilat sany 62 milliona deň bolup, bu san 2011-nji ýylda 51,7 milliona deňdi. Bu barada sişenbe güni çap edilen soňky ilat ýazuwynyň maglumatlarynda tassyklanýar.
Günorta Afrika Respublikasynyň statistika edarasy tarapyndan neşir edilen resmi maglumatlara görä, Günorta Afrikanyň ilaty 2011-2022-nji ýyllar aralygynda 19,8 göterim artdy. Bu 1996-njy ýyldan bäri ilatyň iň köp göterim ýokarlanmagydyr.
Ilat ýazuwynyň maglumatlaryndan görnüşi ýaly, ýurduň ilatynyň 48,5 göterimini erkekler, 51,5 göterimini bolsa zenanlar düzýär.
Ilat ýazuwy Günorta Afrikanyň ilatynyň 81,4 göteriminiň gara tenli afrikalylar, 8,1 göteriminiň mulat (ak jynslylar bilen negrleriň nikasyndan dörän nesil), 7,3 göteriminiň ak, 2,7 göterimini aziýalydygyny görkezdi.
Ilat ýazuwynyň maglumatlaryna görä, 2022-nji ýylda Günorta Afrikaly maşgalalaryň 88,5 göterimi resmi ýaşaýyş jaýlarynda, 3,1 göterimi adaty ýaşaýyş jaýlarynda we 8,1 göterimi bolsa resmi däl ýaşaýyş jaýlarynda ýaşapdyr. Maşgalanyň ortaça ululygy 3,5 adamdan ybarat bolupdyr.
-Häzirki ilat ýazuwy, Günorta Afrikada 1996-njy ýyldan bäri galam we kagyz ulanmazdan geçirilen ilkinji sanly ilat ýazuwydyr – diýip, Günorta Afrika Respublikasynyň statistika edarasynyň baş hünärmeni Risenga Maluleke aýtdy.