ABŞ-nyň Kenarýaka howpsuzlygy gullugynyň inženerleri şu ýylyň 18-nji iýunynda suwuň düýbünde içindäki bäş adam bilen bile ýiten “Titan” gämisiniň galyndylaryny tapandygyny mälim etdi. “Titan” suwasty gämisi 1912-nji ýylda aýsberge urmagy netijesinde batan «Titanik» gämisine syýahaty amala aşyrýardy. Emma garaşylmadyk ýagdaýda gämide emele gelen basyş sebäpli suwuň aşagynda partlapdy. Gäminiň suwuň düýbünden çykarylan galyndylary laboratoriýada öwreniler. Bu syýahat «Ocean¬Ga¬te» kom¬pa¬ni¬ýa¬sy tarapyndan syýahatçylyk maksatly amala aşyrylýardy.
Berlen maglumata görä, 4-nji oktýabrda gäminiň galyndylary Atlantik ummanynyň demirgazygynda “Titan” suwasty gämisiniň galyndylary çykarylyp, ABŞ-nyň bir portuna äkidilipdir.