Awstraliýa bilen Täze Zelandiýanyň alymlary Ýuwaş ummanyndaky Uly Barýer rifinde balygyň täze görnüşini tapdylar. Dünýäniň iň baý suwasty çäkleriniň biri hasaplanýan bu rif 2 müň 300 inedördül kilometrlik meýdany öz içine alýar. Alymlaryň geçiren barlagynyň netijesinde tapylan balyga “Lady Elliot” ady berildi. Awstraliýanyň “Sunshine Coast” uniwersitetiniň alyp barýan “Leaf to Reef” taslamasyna gatnaşýan alymlaryň tapan balygynyň uzynlygy 5 santimetre barabar. Şeýlelikde, bu ýerden 2019-njy ýyldan bäri ilkinji gezek balygyň täze görnüşiniň üsti açyldy. Goňur menekli, arkasynda ýelkene meňzeş ýüzgüji bolan bu ak reňkli jandan suwuň düýbünde çägelik ýerde ýaşaýar. Ylmy barlag baradaky makalanyň awtory, deňiz biology Kris Dudjon bu ýerde mundan ozal hiç bir ýerde hasaba alynmadyk balygyň tapylmandygyna köp wagt bolandygyny aýdyp, rifiň ýalpaklygynda täze balyk tapmagyň üýtgeşik zatdygyny belledi
Täze tapylan jandar barada “Journal of the Ocean Science Foundation” žunalynda ylmy makala çap edildi.