12-nji oktýabrda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde bilelikdäki türkmen-awstriýa «Galkynyş» simfonik orkestriniň konserti geçiriler.
Konsertiň dowamynda bilelikdäki toparyň awstriýa düzüminiň wekilleriniň sazlary wideoýazgylar arkaly diňleýjilere ýetirilmegine garaşylýar. Sahnada tanymal dirižýor Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestri nusgawy sazlarydyr daşary ýurtly kompozitorlaryň meşhur eserlerini ýerine ýetirip, gatnaşyjylara ruhy lezzet paýlar.
2009-njy ýylyň maý aýynda Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda döredilen «Galkynyş» türkmen-awstriýa simfoniki orkestriniň sungatyň serhetleri aşyp, dostlukly gatnaşyklary has-da pugtalandyrmaga ukyplydygyny, bilelikdäki döredijilikli gözleglere ylham berýändigini indi 14 ýyldan bäri göz ýetirip gelýäris. Çünki, türkmen-awstriýa simfoniki orkestriniň mundan ozal hem ýurdumyzda ençeme konsertleri geçirilipdi.
Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň guramagynda geçiriljek konsert 19:00-da başlanar.