Iň­lis şa­hy­ry Jon Mil­to­nyň (1608-1674) “Ýi­ti­ri­len jen­net” at­ly köp­ta­rap­ly epi­ki poe­ma­sy ýa­zy­la­nyn­dan 350 ýyl­dan soň hem bü­tin dün­ýä­de äh­mi­ýet­li eser bol­ma­gyn­da gal­ýar. Alym­la­ryň ge­çi­ren bar­lag­la­ryn­da, onuň eser­le­ri­niň soň­ky 30 ýyl­da­ky ter­ji­me­le­ri­niň ge­çen 300 ýyl­da­ky­dan has ag­dyk­lyk ed­ýän­di­gi­ni gör­kez­di.
“Gu­ar­di­an” ga­ze­ti­niň ýaz­ma­gy­na gö­rä, Jon Mil­to­nyň 1667-nji ýyl­da il­kin­ji ge­zek ne­şir edi­len “Ýi­ti­ri­len jen­net” at­ly poe­ma­synda Ze­mi­niň il­kin­ji yn­sa­ny Adam ata ba­ra­da gür­rüň be­ril­ýär. Soň­ky ýyl­lar­da bu eser pars, iw­rit, ta­mil, friz, wal­liý, manks we beý­le­ki dür­li dil­le­re geçirildi. Eser je­mi 300 ge­zek­den gow­rak 57 di­le ter­ji­me edi­lip­dir.