Gyr­gyz Res­pub­li­ka­sy­nyň paý­tag­ty Biş­kek şä­he­rin­de Gyr­gy­zys­ta­nyň me­de­ni­ýet, mag­lu­mat, sport we ýaş­lar sy­ýa­sa­ty mi­nist­ri­niň orun­ba­sa­ry Aý­bek Ab­dy­mo­mu­now bi­len Türk­me­nis­ta­nyň be­den­ter­bi­ýe we sport ba­ra­da­ky döw­let ko­mi­te­ti­niň baş­ly­gy A.Sa­pa­ro­wyň ara­syn­da du­şu­şyk ge­çi­ril­di.
Gyr­gyz met­bu­ga­ty­nyň ha­ba­ry­na gö­rä, du­şu­şy­gyň bar­şyn­da ta­rap­lar 2021-nji ýyl­dan bä­ri he­re­ket ed­ýän pu­da­ga­ra şert­na­ma­nyň çäk­le­rin­de iş­jeň hyz­mat­daş­lyk al­nyp ba­ryl­ýan­dy­gy­na ka­na­gat­lan­ma bil­dir­di­ler.
Gyr­gy­zys­ta­nyň mi­nist­ri­niň orun­ba­sa­ry iki ýur­duň sport eda­ra­la­ry­nyň ara­syn­da gat­na­şyk­la­ryň iş­jeň­leş­di­ril­me­gi­ne, şeý­le hem spor­tuň kes­git­le­nen ugur­la­ry bo­ýun­ça bi­le­lik­dä­ki okuw-tür­gen­le­şik­le­ri­ni ge­çir­mä­ge taý­ýar­dyk­la­ry­ny bel­le­di.
Türk­men ta­ra­py Ha­zar deň­zi­niň şy­pa­ly ke­na­ryn­da okuw-tür­gen­le­şik­le­ri­ni yzy­gi­der­li ge­çir­mek üçin müm­kin­çi­lik­le­riň bar­dy­gy­ny bel­läp, gyş döw­rün­de ho­wa­nyň ýum­şak­ly­gy se­bäp­li gyr­gyz tür­gen­le­ri Awa­za­da okuw-tür­gen­le­şi­gi­ne ça­gyr­dy.
Gyr­gyz ta­ra­py hem öz ge­ze­gin­de türk­men tür­gen­le­ri­ni Ys­syk-Kul se­bi­tin­dä­ki sport des­ga­la­ryn­da okuw-tür­gen­le­şik geç­mä­ge ça­gyr­dy.
Türk­me­nis­ta­nyň be­den­ter­bi­ýe we sport ba­ra­da­ky döw­let ko­mi­te­ti­niň baş­ly­gy A.Sa­pa­row gyr­gyz tür­gen­le­ri­ni 2023-nji ýy­lyň 23-28-nji no­ýab­ryn­da Aş­ga­ba­dyň Olim­pi­ýa şä­her­çe­sin­de ge­çi­ril­jek ku­raş bo­ýun­ça dün­ýä çem­pio­na­ty­na gat­naş­ma­ga ça­gyr­dy.
Du­şu­şy­gyň jem­le­ri bo­ýun­ça ta­rap­lar äh­li ugur­lar­da hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mek ba­bat­da yla­laş­dy­lar.