Los Anjeles 2028 tomusky Olimpiýa oýunlaryna täze sportlar girizildi

135

Sport äleminiň iň uly guramaçylygy hasaplanýan tomusky Olimpiýa oýunlarynyň maksatnamasyna her Olimpiadada täze sportlar goşulmagyny dowam edýär. Halkara Olimpiýa Komiteti 2028-nji ýylda ABŞ-nyň Los Anjeles şäherinde geçiriljek XXXIV tomusky Olimpiýa oýunlarynyň maksatnamasyna girizilen täze sportlary mälim etdi. Şoňa görä, lakross, beýsbol/softbol, kriket, flag-futbol, skuaş ýaly sport görnüşleri Olimpiýa oýunlarynyň maksatnamasyna alyndy.

Lakross 1904-nji hem-de 1908-nji ýyldan soň täzeden 3-nji gezek Olimpiýa oýunlarynyň düzümine girizildi. Şol sanda Pariž 2024-iň maksatnamasynda bolmadyk beýsbol/softboll  hem sanawa alyndy. Kriket sporty 1900-nji ýyldan soň 2-nji gezek tomusky Olimpiýa oýunlarynda maksatnamasyna girizildi. Amerikan futbolynyň bir görnüşi bolan flag-futbol hem-de skuaş tomusky Olimpiýa oýunlarynyň taryhynda ilkinji gezek orun alar.

Ýeri gelende bellesek, geljek ýyl Parižde guraljak tomusky Olimpiýa oýunlarynda-da breýktans boýunça bäsleşikler Olimpiadanyň taryhynda ilkinji gezek geçiriler.