Ýaponiýanyň Saýtama uniwersitetiniň alymlary ilkinji gezek uçýan organiki birleşmeleriň (UOB) zyňyndylary arkaly ösümlikleriň arasyndaky aragatnaşygy wizuallaşdyrdylar. Bu barlag “Nature Communications” (NatComms) ylmy žurnalynda çap edildi.

UOB arkaly ösümlikleriň arasynda howa aragatnaşygy hadysasy ilkinji gezek 1983-nji ýylda hasaba alnypdy. Zyýan berijiler hüjüm edende, ösümlik käbir maddalary howa arkaly geçirmek bilen, beýleki ösümliklere howp abanýandygyny habar berýär. Şeýle-de bolsa, soňky 40 ýylda biologlar ösümlikleriň bu signallara molekulýar derejede nähili jogap berýändigini anyklap bilmediler.

Professor Masasugu Toýotanyň ýolbaşçylygyndaky barlag topary ösümlikleriň UOB-lary nädip bölüp çykarýandygyny we kabul edýändigini hakyky wagtda wizuallaşdyrmagy başardylar.

Alymlar sagdyn ösümlikleriň zeper ýeten goňşularyndan ýörite belok sensorlaryny ulanyp duýduryş signallaryny kabul edýändigini anykladylar. “Biziň görüşimiz üçin gizlin bolan bu aragatnaşyk ulgamy goňşy ösümlikleriň howp abanmagyndan öz wagtynda goralmagynda möhüm rol oýnaýar” diýip, professor Toýota belleýär.