Afrikaly bir erkek kişi zenanlardan gorkýandygy üçin indi 55 ýyl bäri adamlardan üzňe, ýalňyz  ýaşaýar diýip, “Oddity Central” neşiri ýazýar. 77 ýaşly Kalliçe Nzamwitu 16 ýaşyna baranda özüniň zenanlardan heder edýänligini bilip galýar. Emele gelen ýagdaý bolsa, dura-bara çekip çydar ýaly bolmaýar. Ol her gezek zenanlaryň ýanyna baranda, sandyramakdan ýaňa el-aýakdan çykyp, ýaramaz duýgulary başdan geçirýär. Şondan soň ol öýüniň daşyna ullakan agaç diwar aýlap, gaýdyp onuň çäginden çykmaýar. Onuň taýpasyndan bolan aýallar, erkegiň bu bolşundan öýke-kine edip durmaýandyklaryny we oňa haýatdan egin-eşikdir iýmit oklaýandyklaryny gürrüň berýärler.

-Onuň zenanlardan gorkýandygy gaty geň zat. Biz oňa kömek etmek isleýäris, ýöne ol biziň bilen gürleşmegi ýa-da gaty ýakynlaşmagy uslyp bilmeýär – diýip, ýerli ýaşaýjy gürrüň berýär.

Kalliççe hiç haçan diagnoz goýulmasa-da, lukmanlar onuň seýrek nähoşluk bolan ginofobiýadan ejir çekýändigini aýdýarlar.

-Golaý-goltumymda aýallaryň köw-söw edip ýörmeklerini islemeýärin, sebäbi olar meni gorkuzýarlar – diýip afrikaly gürrüň berýär.