Ýaponiýanyň Gifu prefekturasynyň “Seki Milk” süýt we süýt önümlerini öndüriji kärhanasy günortanlyk naharynda çagalaryň süýdi doly içip gutarmaga höweslendirmegiň adaty bolmadyk usulyny oýlap tapdylar. Kärhana çüýşeleri manga usulynda komiksler bilen bezäp başlady.

“Seki Milk”-iň maglumatlaryna görä, okuwçylaryň köpüsi (65% töweregi) günortanlyk naharynda süýt paýyny doly içip gutarmaýar. Bu bolsa kalsiý we beýleki peýdaly maddalaryň ýetmezçiligine, gereksiz iýmit galyndylarynyň döremegine getirýär. Şeýlelikde, kompaniýanyň wekilleri çagalary süýdi doly içip gutarmaga höweslendirmegiň özboluşly usulyny oýlap tapdylar. Olar çüýşä ak reňk bilen komiksleri çekdiler, ol diňe çüýşäni boşadanyňdan soň görünýär.