Soňky ýyllarda Hazar deňziniň gurşawyny ygtybarly goramak, ekologiýa howpsuzlygyny we durnukly ösüşi üpjün etmek babatda ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary bilen ägirt uly işler alnyp barylýar. Berkarar döwletimiziň ekologiýa syýasatynyň gazananlary halkara jemgyýetçiliginde hem giňden goldaw tapýar.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň 4-nji awgustda geçirilen bilelikdäki mejlisinde hormatly Prezidentimiz 12-nji awgustda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda “Hazar deňziniň gününi bellemek hakyndaky” Karara gol çekdi. Kararda bu çäräniň çäklerinde ylmy-amaly maslahaty, sport we medeni çäreleri, şeýle hem zehinli çagalaryň Hazar deňziniň gözel tebigatyna bagyşlanan bäsleşiklerini geçirmek bellenildi.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz BMG-niň düzümindäki komitetleriň daşky gurşawy, ekologiýany, ozon gatlagyny gorap saklamak baradaky halkara Konwensiýalaryna işjeň gatnaşýar. Ýurdumyzyň “Biologik köpdürlülik” baradaky Konwensiýasyna, Hazar deňziniň gurşawyny goramak boýunça Çarçuwaly Konwensiýa we beýleki halkara möhüm resminamalaryň birnäçesine goşulmagy munuň aýdyň şaýadydyr. Bu işleriň barşynda 2012-nji ýylda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Hazar ekologiýa maslahatynyň, 2013-nji ýylyň mart aýynda Daşoguz şäherinde “Aralyň ekologiýasy: durnukly ösüş we halkara hyzmatdaşlygy” atly ylmy maslahatynyň, Aşgabat şäherinde Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak boýunça Çarçuwaly Konwensiýanyň taraplarynyň 5-nji mejlisiniň geçirilendigini ýatlamak bolar.
Häzirki döwürde Hazar deňziniň biologik serişdelerini gorap saklamak, öndürmek we peýdalanmak boýunça, şeýle-de Hazaryň düýbüniň hem-de onuň jümmüşindäki uglewodorod serişdelerini işlemek we peýdalanmak boýunça hem hyzmatdaşlyk işleri giň gerimde ýaýbaňlanýar. 2014-nji ýylyň sentýabr aýynda Astrahan şäherinde geçirilen Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň IV maslahaty bu işe kuwwatly itergi berdi. Milli Liderimiziň öňe süren teklipleriniň netijesinde, Astrahan maslahaty taraplaryň Hazarda özara hereket etmegiň esasy meselelerini çözmegiň ýörelgeleri barada gazanylan ylalaşyklary göz öňünde tutanyňda, hakyky öňegidişlige öwrüldi. Olar degişli beýannamada berkidildi. Hazary parahatçylygyň hem-de ylalaşygyň zolagy, halkara strategik durnuklylygyň we howpsuzlygyň möhüm bölegi, ähli meseleleri döwletleriň özygtyýarlylygyna hem-de çäk bitewüligine hormat goýmak esasynda diňe syýasy-diplomatik serişdeler arkaly çözmegiň nusgasy etmäge umumy ymtylyş we aýgytlylyk şol resminamanyň mazmunyny kesgitledi.
Maslahatyň barşynda ýurdumyzyň Hazar boýunça tebigaty goramak düzümleriniň işleriniň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň bioköpdürlüligini gorap saklamagyň milli strategiýasyny taýýarlamak, Hazar ýakasynyň çäklerinde ýerleşýän suw-batgalyk ýerleriniň birnäçesiniň, “Altyn asyr” Türkmen kölüniň hem-de guşlaryň mesgen tutan beýleki ýerleriniň halkara ähmiýetli peýdalanylýan ýerleriň derejesi bilen Ramsar Konwensiýasyna goşmagyň geljegi ýaly meselelere aýratyn üns berildi. Mälim bolşy ýaly, Hazaryň türkmen kenaryndaky Hazar döwlet tebigy goraghanasy Ramsar Konwensiýasynyň aýratyn sanawyna girizilendir.
Ümmülmez baýlyklara eýe bolan goja Hazar alnymyzda tolkun atyp dur. Ol nebit we gaz, duz, ýod, brom ýaly tebigy baýlyklaryň ojagy hökmünde ynsana öz genji-känini eçilýär. Onuň çägesöw meýdany, ýodly suwy ynsan saglygynyň bire-bir emi. Ösümlik we haýwanat dünýäsiniň köpdürlüligi onuň baýlygynyň egsilmezdigini habar berýär. Ylmy maglumatlara görä, deňziň çäklerinde oňurgaly haýwanlaryň 400-den gowrak görnüşi ýaşaýar. Şolardan 50-ä golaý görnüşi balyklardyr. Olaryň bekre, çapak, kepir, lakga, takgaz ýaly onlarça görnüşleri halkara bazarlarynyň isleglerini ýokary derejede kanagatlandyrmak mümkinçiligine eýedir. Hazarda guşlaryň 80 görnüşiniň bardygy belli edildi.
Bu günki gün dünýä syýahatçylyk ulgamynda mynasyp orna eýe bolan Hazar deňziniň kenaryndaky “Awaza” milli syýahatçylyk zolagy bütin dünýäniň syýahatçylarydyr jahankeşdeleriniň iň gelim-gidimli ýeri hökmünde tanalýar. Ol ýerdäki dünýä ülňülerine kybap gelýän myhmanhanalar toplumy, sagaldyş we dynç alyş merkezleri, ýaht-klub, okuw merkezleri, sport meýdançalary, suwa düşülýän üsti açyk we ýapyk serhowuzlar, emeli tolkunly howuzlar, köl we beýleki desgalar adamlaryň zamanabap dynç almagyna ýardam edýär.
Awazanyň sapaly kenarýaka dynç alyş zolagynyň gerimini we mümkinçiliklerini has-da giňeltmek hormatly Prezidentimiziň hemişelik aladasy bilen gurşalandyr. Ýakyn geljekde Hazar deňziniň kenarynda ýene-de dünýä derejesindäki kaşaň myhmanhanalaryň we ýokary amatlykly willalaryň onlarçasynyň peýda boljakdygy diýseň guwandyryjydyr. Uly ruhubelentlik bilen bellenilýän Hazar deňziniň güni Arkadag Prezidentimiziň yzygiderli edýän aladalary esasynda ýurdumyzda tebigy gurşawyň ekologik taýdan arassalygyna uly ornuň degişlidigini äşgär görkezýär.
Diana SANÝANS,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallymy.