Arkadag Prezidentimiziň merdana halkymyza peşgeş beren Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe uzak geçmişimizde öçmejek yz galdyran nusgawy şahyrlarymyz, dünýä belli alymlarymyz, bagşy-sazandalarymyz bilen bir hatarda, beýik döwletleri döreden, ady äleme ýaýran, goja taryhymyzy şöhratlandyran merdana gerçeklerimizi hatyralamak, olar baradaky hakykaty ýaşlarymyzyň dykgatyna ýetirmek babatynda-da uly işleriň amala aşyrylýandygy örän buýsançlydyr.
Seljuk soltanlarynyň arasynda ady diňe Aziýada däl, eýsem, Ýewropada hem meşhur bolan soltan Alp Arslanyň şahsyýeti örän gyzyklydyr. Sebäbi Seljuk döwletini döreden Togrul begiň inisi, Çagry begiň ogly Alp Arslanyň ýaşlygy söweşleriň içinde geçýär. Milady hasabynda 1029-njy ýylda eneden bolan Alp Arslan ýaşlygyndan kakasynyň döwletiň abatlygy we berkararlygy üçin alyp baran syýasy işleriniň içinde bolupdyr. 1043-1044-nji ýyllarda Çagry beg agyr keselläp ýatýar. Şol ýagdaýdan peýdalanyp, Gaznaly hökümdary Maudud elden gideren Balh we Toharystan topraklaryny seljuklardan yzyna gaýdyp almak maksady bilen goşun çekip gelýär. Şonda seljuklaryň goşunyna ýaşajyk Alp Arslan ýolbaşçylyk edýär. Ol öz goşuny bilen çalt hereket edip, Balha gelýär we tizden-tiz hüjüme geçip, Gaznaly goşunyny derbi-dagyn edýär.
Seljuk döwletiniň berkararlygy üçin bitiren işlerini nazarda tutup, Çagry beg Alp Arslany döwletiň gündogar serhedine gözegçilik edýän we goraýan ülkä baştutan belleýär. Onuň adyna pul zikgelenipdir. Kakasy aradan çykandan soň, Horasanyň, 1063-nji ýylda Togrul beg ýogalandan soň bolsa, tutuş Seljuk türkmen döwletiniň tagtyna eýe bolupdyr. Şondan soň Çagry begiň Horasandaky döwleti bilen Togrul begiň döwleti bir soltanyň hökümdarlygyna geçip, Beýik Seljuk türkmenleriniň imperiýasyna öwrülipdir. Halyf Kaýym Biemrillah Bagdatda soltan Alp Arslany ykrar edipdir. Alp Arslan halyfyň iberen haladyny dabaraly ýagdaýda geýipdir. Alp Arslan Togrul begiň ýörişlerini dowam etdirip, 1064-nji ýylda Häzirbegjana tarap hereket edýär. Ol köp galalary basyp alýar. Gürjüstanyň şazadasy Bagrat IV Alp Arslana boýun bolup, ýyllyk salgydyny tölemäge razylaşýar. Şol döwürde “synmaz gala” hasaplanýan Wizantiýa goşuny tarapyndan berk goralýan Ani şäherine Alp Arslanyň goşuny girip, rumlular ýeňlişe sezewar edilýär. Soltan Alp Arslan 1066-njy ýylda Müňgyşlaga hem ýöriş edýär. 1071-nji ýylda Müsüri öz döwletine birikdirmek üçin Alp Arslan uly goşun bilen ýola düşýär. Halaby boýun egdirip, soltan şol ýerden Damaska (Şama) ugraýar. Bir günlük ýoly geçenden soň, Wizantiýanyň hökümdary Roman Diogen dürli milletlerden toplan 200 müňlük goşuny bilen soltan Alp Arslanyň üstüne ýöriş edýär. Soltan ol söweşe garaşmandyr. Onuň esgerleriniň köpüsi uzakda ekeni. Ol esgerlerini ýygnap ýetişmejekdigine gözi ýetip, ýanyndakylar bilen Wizantiýanyň imperatorynyň garşysyna söweşmegi makul bilýär. Şonda Alp Arslanyň ýanynda diňe 15 müň esgeri bar eken. Roman Diogeniň bolsa, 200 müň hakyna tutma esgeri bolupdyr. Alp Arslan söweşe girmezden öň, esgerlerine: “Men ýa ýeňiş gazanaryn, ýa-da şehit bolup jennede giderin. Araňyzda meniň bilen söweşe girmek isleýän bar bolsa galsyn, islemeýänler gidip bilerler. Häzir şu ýerde ne buýruk berýän soltan bar, ne-de buýruk berilýän esger. Eger şehit bolsam, oglum Mälikşa soltan bolmalydyr” diýip ýüzlenipdir. Şeýle adyllygy üçin Alp Arslan taryhda “Adalatyň ganaty” diýen ada eýe bolýar. 1071-nji ýylyň 26-njy awgustynda Malazgirt meýdanyndaky söweşde Alp Arslan birleşen Wizantiýa goşunyny ýeňlişe sezewar edýär.
Göräýmäge ýeňip bolmajak ýaly ägirt goşunyň ýeňilmeginde Diogeniň esgerleriniň hakyna tutma bolmagynyň, Alp Arslanyň goşunynyň bolsa, öz hökümdaryna çäksiz wepaly bolmagynyň sebäp bolandygyny çaklaýarlar. Elbetde, bu ýerde Alp Arslan soltanyň bimöçber harby zehininiň uly rol oýnandygy şeksizdir. Şeýlelik bilen, Malazgirt söweşinde gazanylan ýeňişden soň, Anadolynyň gapysy türkmenlere giňden açylýar. Anadoly şol söweşden soň, oguz türkmenleriniň ýurduna öwrülipdir. Alp Arslan öz milletine uly sarpa goýýan patyşa bolupdyr. Ol garyp halka biperwaý bolmadyk, olaryň kynçylygyny öz şahsy meselesi hökmünde kabul eden, türkmenleriň ülkede başyny dik tutup gezmegini gazanan soltanlaryň biridir. Seljuk türkmenleriniň hökümdarlaryndan iň beýik şahslaryň biri Alp Arslan 1072-nji ýylda Mawerannahrda Narzem galasynda Ýusup tarapyndan öldürilenden soň, Mara getirilip, kakasy Dawut Çagry begiň ýanynda jaýlanypdyr. Alp Arslan goja taryhymyzdaky gaýduwsyz we adalatly soltanlaryň biridir.
Geçen hepdäniň başynda, has takygy, 1-nji awgustda hormatly Prezidentimiziň tälim-okuw türgenleşigine gatnaşanyndan soň, beýik serkerde Alp Arslanyň Goranmak ministrliginiň Adatdan daşary ýagdaýlar baradaky döwlet toparynyň edara binasynyň öňünde bina edilen belent ýadygärliginiň gabadynda şol günki çäreleriň netijeleriniň jemini jemlemegi merdana ogullaryň halkymyzyň hakydasynda baky saklanýandygynyň äşgär alamaty boldy.
Gülbahar Gurbanowa,
Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky
Harby institutynyň mugallymy.