3—5-nji no­ýabr­da Aş­ga­bat şä­he­rin­de Ko­re­ýa­nyň Me­de­ni­ýet hep­de­li­gi ge­çi­ri­ler. Onuň do­wa­myn­da kon­sert hem-de ko­reý film­le­ri­niň gör­ke­zi­li­şi gu­ra­lar.
Ko­re­ýa­nyň Türk­me­nis­tan­da­ky il­çi­ha­na­sy­nyň ha­bar ber­me­gi­ne gö­rä, 3-nji no­ýabr­da Türk­me­nis­ta­nyň Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky mil­li saz­ly dra­ma te­at­ryn­da Ko­re­ýa­nyň «ON­DO» sa­zan­da­lar to­pa­ry­nyň kon­ser­ti gu­ra­lar. Kon­sert 19:00-da baş­la­nar.
4-5-nji no­ýabr­da bol­sa «Aş­ga­bat» ki­no­te­at­ryn­da ko­reý film­le­ri­niň gör­ke­zi­li­şi bo­lar. Aş­ga­bat şä­he­ri­niň ýa­şaý­jy­la­ry we myh­man­la­ry üçin gör­ke­zil­jek «Beýs­bol oýun­çy­sy», «Di­wa», şeý­le-de «Giz­lin haý­wa­nat ba­gy» at­ly ko­reý film­le­ri sub­titr ar­ka­ly rus di­li­ne ter­ji­me edi­ler.