Kalbymyň jümmüşinden
Meniň kalbymyň jümmüşinden bir guş asmana göterilip, perwaz urdy. Ol ýokary göterildigiçe, şonça hem ulalýardy. Ol ilki garlawaç boldy, soňra torgaý, soňra bürgüt, soňra bolsa, bahar buludy ýaly ululyga ýetdi, ahyrsoňy bolsa, ýyldyzly älemi doldurdy. Kalbymyň jümmüşinden al-asmana göterilen ol guş ýokary göterildigiçe ulaldy. Ýöne ol meniň kalbymy terk etmedi.
Eý, meniň ynamym, baş bermezek bilimim, eýsem, men nädip seniň belentligiňe göterileýin hem-de seniň bilen asmanyň ýüzüne galam bilen nagyşlanan adamyň uly Menini göreýin? Men öz içimdäki bu deňzi nädip dumana öwreýin hem-de seniň bilen ümmülmez giňişlige siňeýin? Ybadathananyň içindäki oturan nädip onuň altyn gümmezine nazar aýlar? Miwäniň maňzy miwäni özüne dolap almak üçin nädip uzar?
Eý, meniň ynamym, men kümüş gapynyň we eben agaçlarynyň aňyrsynda oturanym üçin seniň bilen perwaz urup bilmeýärin. Ýöne, sen meniň ýüregimden al-asmana göterildiň, ýüregim seni saklaýar. Men şoňa-da biçak hoşal bolýaryn.
Terkidünýä
Birmahallar bir terkidünýä ýaşap, aýda üç sapar uly şähere gidip, bazar meýdanynda adamlara haýyr-sahawatyň peýdasy barada öwüt-ündew edipdir. Bu suhangöý kişiniň şan-şöhraty hemme ýere dolupdyr. Bir gün agşam çagy onuň öýüne üç pyýada salam berip giripdir. Olar oňa şeýle sowal bilen ýüzlenipdirler.
– Biziň bilşimizçe, siz haýyr-sahawat barada nesihat edýärsiňiz, gallaçlara haýyr-sahawat etmekleri üçin barjamlylary gözleýärsiňiz. Biz şöhratyňyzyň size baýlyk getirendigine birjik-de şübhelenmeýäris. Eýsem, siz toplan baýlygyňyzdan biziň zerurlyklarymyz üçin az-kem berip bilmersiňizmi?
– Dostlarym, meniň-ä ýorgan-düşegimden, halyçamdan ine, şu suwly küýzämden özge hiç zadym ýok. Mende altyn-kümüş neýlesin? – diýip, terkidünýä jogap beripdir.
Gelenler oňa ýigrenç bilen seredipdirler, gitmek üçin ýerlerinden turanlarynda, olaryň soňkusy gapynyň agzynda az salym aýak çekip, şeýle diýipdir:
– Ýalançy, kezzap diýsänim! Öz berjaý edip bilmeýän zadyňy öwredip, öwüt-ündewem eden bolýamyň?!
Tansçy
Bir sapar Birkaşyň kethudasynyň mülküne bir tansçy zenan öz sazandalary bilen gelipdir. Ol oňat garşylanandan soňra lýutnýa, fleýta we sitra ýaly saz gurallarynyň sazy astynda kethudanyň huzurynda tans edýär. Ol ataş tansyny, gylyç we naýza tansyny, ýyldyzlar we älem tansyny ýerine ýetirýär. Iň soňunda bolsa, nesim ýellere yraň atýan gül-çeçekleriň tansyny oýnaýar.
Soňra ol kethudanyň öňünde hormat bilen baş egýär. Hojaýyn oňa golaýragyna gelmegini haýyş edipdir-de, oňa şeýle sözler bilen ýüzlenýär:
– Eý, gözel zenan, näzikligiň, nepisligiň we özüne çekiji güýjüň gyzy. Aýtsaňyzlaň, siz beýle sungaty nirede öwrendiňiz? Saňa bu saz-mukamyň astynda bedeniňe beýle emr etmek nädip başardýar?
Ol ikinji gezek baş egip, şeýle diýipdir:
– Men näme diýsemkäm. Ýöne men akyldaryň ruhunyň onuň aňynda ýaşaýandygyny, şahyryň ruhunyň kalbynda, aýdymçynyňky bogazynda, tansçynyňkynyň bolsa, onuň bütin bedeninde ýaşaýandygyny-ha anyk bilýärin.
Narlar
Birwagtlar öz bakjasynda nar agaçlaryny ösdürip ýetişdirýän bir adam bar eken. Ol güýzde narlaryny öýüniň öňünde kümüş mejimelerde goýup, olaryň üstünde-de şeýle ýazgy goýupdyr: “Birini alyň, öwezine hiç zat gerek däl, noş bolsun!”.
Emma adamlar mejimeleriň deňinden geçip gidip duranmyşlar. Narlara el uzadýan ýok diýýär. Naryň eýesi uzak oýlanýar. Ol ertesi güni güýz narlaryny öýüniň öňünde kümüş mejimelerde goýmaýar. Ol diňe uly harplar bilen ýazylan şu ýazgyny gapysynyň agzynda gysdyrýar: “Bu jelegaýlarda ösdürilip ýetişdirilýän narlaryň iň gowulary şu howludadyr. Ýöne olaryň nyrhy beýleki narlardan has gymmatdyr”.
Şondan soň, ol ýeriň ähli ýaşaýjylary nar satyn almak üçin ol ýere eňip ugrapdyrlar.
Pürs
Dört gurbaga derýanyň gyrasynda ýatan pürsüň üstünde oturan eken. Birdenem pürs akyma düşüp, ýuwaşlyk bilen aşaklygyna ýüzüp ugrapdyr. Gurbagalar mundan ozal, beýle ýagdaýa hiç gabat gelmändikleri üçin juda geň galypdyrlar. Ahyr birinji gurbaga şeýle diýipdir:
– Bu hakykatdan-da, täsin pürs. Ol edil janly ýaly süýşýär. Mundan ozal, beýle pürsüň bardygyny bilemokdym.
Ikinji gurbaga şeýle diýipdir:
– Ýok, dostum, bulam adaty pürsleriň biri, ýerinden çalaja-da gozgananokdy. Şeýle bolansoň suwuny deňze tarap akdyryp barýan derýa bizem, pürsem özi bilen alyp barýar.
Soňra üçünji gurbaga şeýle diýipdir:
– Bu hereket edýän pürsem däl, derýa-da däl. Hereket – biziň aňymyzda bolup geçýär. Çünki aňsyz hiç zat hereket etmeýär.
Şondan soň, üç gurbaga, hakykatda, nämäniň hereket edýänliginiň üstünde jedelleşip başlapdyrlar. Olaryň dawalary has-da gyzyşyp ugrapdyr, ýöne olar bir pikire gelip bilmändirler.
Soňra olar şu mahala çenli ünsli diňläp, ýöne dymyp oturan dördünji gurbaganyň pikirini sorapdyrlar.
Dördünji gurbaga şeýle diýipdir:
– Siziň her biriňiziňki özüňizçe dogry, hiç biriňiz ýalňyşaňyzok. Hereket hem pürsde, hem suwda we hem biziň aňymyzda bolup geçýär.
Bu sözler üç gurbaganyň biçak gaharyny getiripdir: çünki olaryň üçüsiniňem özleriniň bimamladygyny, iň bolmanda doly mamla däldiklerini, pikirini aýdan iki gurbaganyňam aýdanlarynyň aňrybaş hakykat däldigini boýun alaslary gelmändir.
Soňra täsin waka bolup geçipdir. Üç gurbaga bileleşip, pürsüň üstündäki dördünji gurbagany derýa itip goýberipdirler.
Dostum
Dostum, men seniň oý edişiň ýaly däl. Megerem, bary diňe egnimdäki yhlas hem janypkeşlik bilen tikilen lybaslarymda. Ol meni seniň soraglaryňdan, seni bolsa, biperwaýlygymdan gorap saklaýar. Meniň menim, meniň dostum, ümsümlik hanakasynda ýaşaýar we ol ýerde akyl ýetirip bolmaýan halda ömürboýy galýar. Seniň sözlerime ynanmagyňy, edýän işlerime bil baglamagyňy islämok, çünki meniň sözlerim hut seniň şahsy düşünjäň, meniň işim bolsa, seniň garaşýan umytlaryň.
Haçan-da, sen “Şemal gündogara sary öwüsýär” diýeniňde, ylalaşýaryn; “Hawa, ol gündogara öwüsýär”, çünki meniň paýhasymyň şemalda däl-de, deňizde ýaşaýandygyny bilmegiňi islemeýärin. Sen meniň deňziň suwuny böwsüp geçýän oý-pikirlerime düşünip bilmersiň, ýöne menem oňa düşünmegiňi islämok. Şeýlelikde, men deňizde ýalňyz özüm galýaryn. Dostum, haçan-da, seniň üçin gündiz bolsa, meniň üçin gije; ýöne şonda-da saňa alaňlaryň üstüne düşüp duran güneş we jülgelerden aralaşýan benewşe saýa hakda gürrüň berýärin. Çünki saňa tümlügimiň aýdymy düşnükli däl, ganatlarymyň ýyldyzlara sary perwaz urýanlygyny görmek hem saňa berilmändir; ýöne seniň muny görmeýänligiňe we eşitmeýänligiňe gynanmaýaryn. Şeýlelikde, gije bilen ýalňyz özüm galýaryn. Haçan-da, sen ýokary göterileniňde, men aşak düşýärin, hatda sen geçip bolmaýan uçudyň beýleki bir kenaryndan “Meniň dostum!” diýip, gygyranyňda, men saňa “Meniň dostum!” diýip jogap berýärin. Dostum, sen akgöwünli, oýlanyşykly, paýhasly, sen aňrybaş kämil. Menem seniň bilen akylly-paýhasly, oýlanyşykly gürleşýärin. Ýöne her zatda bolsa, men paýhassyz. Öz paýhassyzlygymy nikabyň astynda gizleýärin. Şeýlelikde, meniň bir özüm paýhassyz bolup galýaryn. Dostum, bulary nädip seniň aňyňa guýaýyn? Ýolumyz aýra düşse-de, egin-egne berip, bile ýöreýäris, maňa şolam ýeterlik.
Terjime eden
Ýegenmämmet Taýlyýew.
“Zaman-Türkmenistan”.