1904-nji ýylyň 27-nji oktýabrynda Nýu-Ýorkda metronyň ilkinji şahasy bolan “IRT Brodweý — Ýedinji Awenýu liniýasy” açylyp, yzygiderli otly gatnawy ýola goýulýar. Ýerasty demir ýoly gurmak bilen bagly ilkinji maksatnama 1896-njy ýylda taýýarlanýar. 1900-nji ýylda metronyň gurluşygyna başlanýar. Ilkinji yzygiderli gatnaw ýola goýlandan soňra onuň şahasy has-da giňeldilýär. Şäherde ondan öň, 1870-nji ýyllarda hem uzyn bolmadyk ýerasty demir ýollary gurulýar. Emma olarda yzygiderli gatnaw amala aşyrylmandygy sebäpli bu liniýa ilkinji metro hasaplanýar. Şäheriň ýerasty demir ýol ulgamy köp ýyldan bäri gije-gündiz tertibinde işleýär. Häzirki wagtda Nýu-Ýork metrosy her ýylda 6 milliondan gowrak ýolagça hyzmat edýär.