Hytaýyň Merkezi telewideniýesiniň habaryna görä, Hytaý Halk Respublikasynyň döwlet Geňeşiniň ozaky premýeri Li Kesýan 27-njy oktýabrda 68 ýaşynyň içinde duýdansyz ýagdaýda ýürek keselinden aradan çykdy. Syýasatçy 2013-nji ýylyň mart aýynda Hytaý Halk Respublikasynyň döwlet Geňeşiniň premýeri wezipesine tassyklandy. 2018-nji ýylda ýene-de bu wezipä saýlandy. 2012-nji ýyldan 2022-nji ýyla çenli Li Kesýan Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň ierarhiýasynda ikinji adam boldy. Ol pandemiýa we ABŞ bilen “söwda meselesi” döwründe hökümete ýolbaşçylyk etdi. Syýasatçy 2023-nji ýylda Hytaýyň Milli Halk Gurultaýynyň ýyllyk mejlisinde çykyş etdi, şondan soň özüniň pensiýa çykýandygyny mälim etdi. Şu ýylyň martynda onuň ornuna Li Sýan bellendi.