Mi­la­nyň hä­ki­mi­ýet­le­ri ho­wa­nyň güýç­li ha­pa­lan­ma­gy se­bäp­li şä­her mer­ke­zin­de hu­su­sy aw­tou­lag­la­ryň he­re­ke­ti­ni ga­da­gan et­me­gi me­ýil­leş­dir­ýär. Bu ba­ra­da “Eu­ro­news” ha­bar ber­ýär.
Ita­li­ýa­nyň bu şä­he­rin­dä­ki ho­wa­nyň ha­pa­lan­ma­gy de­re­je­si 19,7 mkg/m3 bo­lup, Bü­tin­dün­ýä Sag­lyk Gu­ra­ma­sy (BSGG) ta­ra­pyn­dan howp­suz ha­sap­lan­ýan or­ta­ça de­re­je­den dört es­se di­ýen ýa­ly köp­dür.
Mi­la­nyň hä­ki­mi Ju­zep­pe Sa­la şu­ňa meň­zeş ga­da­gan­lyk bi­len met­ro­pol­da daş­ky gur­şa­wyň ha­pa­lan­ma­gy­ny azalt­mak is­le­ýän­di­gi­ni aýt­dy. Eger-de onuň tek­lip­le­ri gol­daw ta­pan ha­la­tyn­da bu çä­re 2024-nji ýyl­da güý­je gi­rer.
Şeý­le hem bu ädi­miň Mi­la­nyň iň köp he­re­ket­li ýer­le­ri­ni py­ýa­da­la­ra has amat­ly et­jek­di­gi bel­len­di. Ýer­li hä­ki­mi­ýet­ler ga­da­gan­çy­ly­gy ber­jaý et­mek üçin gö­zeg­çi­lik ka­me­ra­la­ry­ny ula­nar­lar. Sü­rü­ji­ler bu çäk­le­re rug­sat­syz gi­ren­le­ri üçin je­ri­me tö­le­me­li bo­lar­lar.
Şeý­le-de bol­sa, re­for­ma­ny hem­me­ler gol­da­ma­dy. Ýol he­re­ke­ti­ni çäk­len­dir­ýän­le­ri tan­kyt­la­ýan­lar, bu çä­rä­niň di­ňe bir mi­lan­ly­la­ry däl, eý­sem her gün işe gat­na­ma­ly bol­ýan çet­dä­ki ýa­şaý­jy­la­ra hem kyn­çy­lyk dö­ret­jek­di­gi­ni aýd­ýar­lar.
Mi­lan aw­tou­lag­la­ry ga­da­gan et­mek me­se­le­si­ne se­red­ýän il­kin­ji Ýew­ro­pa şä­he­ri däl. Go­laý­da Stok­golm ben­zin we di­zel aw­tou­lag­la­ry­nyň şä­her mer­ke­zi­ne gir­me­gi­niň öňü­ni al­mak me­ýil­na­ma­sy­ny yg­lan et­di. Tä­ze düz­gün­le­riň 2024-nji ýy­lyň 31-nji de­kab­ryn­da güý­je gir­jek­di­gi ha­bar be­ril­di. Şeý­le hem Pa­riž 2024-nji ýy­lyň ba­şyn­da, Olim­pi­ýa oýun­la­ry­nyň öňü­sy­ra­syn­da hu­su­sy aw­tou­lag­la­ry şä­he­riň ta­ry­hy mer­ke­zin­den aýyr­ma­gy umyt ed­ýär.