“Lonely Planet” halkara neşirýat kompaniýasy ekosyýahatçylar üçin 2024-nji ýylda Ýewropadaky iň gowy bäş syýahatçylyk ugrunyň sanawyny neşir etdi. Öňdebaryjy syýahatçylyk hünärmenleri tarapyndan işlenip düzülen bu sanaw “ýurtlar”, “sebitler”, “şäherler”, “durnukly ösüş” we “gymmatlyk ähmiýeti” kategoriýalaryna bölünýär. “Lonely Planet”-iň çaklamalaryna görä, bu ugurda Ýewropanyň bäş sebiti ekologiýa taýdan arassa ýerleriň onlugyna girdi.
Dünýäniň iň meşhur dynç alyş ýerleriniň biri hasaplanýan Ispaniýa möwsümden daşary syýahatçylygyny we has az tanalýan ýerlerini işjeň ösdürýär, şeýle hem ekologiýa taýdan arassa ulag görnüşlerine maýa goýýar. Mundan başga-da, ýurt welosiped ýodalarynyň ugurlaryny giňeldýär, elektrobuslara geçýär we täze demir ýol ugurlaryny işe girizýär.
Grenlandiýa ägirt uly buz örtükleri we tundra landşaftlary bilen üýtgeşik manzary söýýänleri özüne çekýär. Ýurduň syýahatçylyk geňeşi “Visit Greenland” syýahatçylaryň sanynyň köpelmegi bilen baglanyşykly ýüze çykýan meseleleri çözmegiň üstünde işleýär: olaryň akymy ep-esli girdeji getirse-de, ülkäniň özboluşly tebigatyna zeper ýetirip biler diýlip hasaplanýar.
Beýik Britaniýanyň iň gözel künjeklerinden biri hasaplanýan Uels, syýahatçylygy durnukly ösdürmegiň ýörelgelerini kanuny taýdan berkitdi. Ol “Lonely Planet”-iň ýokary baha beren täzelenen demir ýol ulgamynyň kömegi bilen iň gowy ugurlaryň sanawyna girizildi. Makalada demir ýol aragatnaşygynyň “ýurduň günbatar sebitleriniň ajaýyp tebigatyny öwrenmek üçin amatly mümkinçilikleri” giňeldýändigi aýdylýar.
Portugaliýada ekosyýahatçylary diňe bir däp-dessurlar we medeni ýadygärlikler özüne çekmän, eýsem, uzak gezelenç etmek, mysal üçin gadymy şäher Santýago-de-Komposteladaky Santýago soboryna gezelenç etmek üçin pyýada ýa-da welosipedli barmak mümkinçiligi bilen gyzyklanýarlar.
Hünärmenleriň pikiriçe, Baltika ýurtlary jahankeşdeleri özüne çekýär, sebäbi bu ýerde “dikeldiş we mediatiw tejribe üçin Ýewropanyň iň gowy ýerlerini” tapyp bilersiňiz. “Lonely Planet”, özüňiziň içki “meniňizi” açmak üçin sebitdäki çäge aňňatlaryna, derýalara we köllere baryp görmegi maslahat berýär.